Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Lukaşenka Berdimuhamedow bilen ikiçäk gepleşdi


Türkmenistanyň we Belarusyň prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenka
Türkmenistanyň we Belarusyň prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenka

Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-belarus gepleşikleri geçirildi.

Türkmenistanyň we Belarusyň prezidentleriniň 30-njy martda “Oguzhan” köşgünde ikiçäk görnüşde geçirilendigini resmi media serişdeleri habar berdi. Gepleşiklerden soň iki ýurduň döwlet baştutanlary bilelikdäki beýannama gol goýupdyr we olaryň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn dokumentleriň birnäçesine gol çekilpdir. Şol sanda, Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda jenaýatçylyga garşy göreş boýunça protokola, 2017-2020-nji ýyllarda medeniýet we syýahatçylyk boýunça hyzmatdaşlyga degişli dokumentlere we ýurtlaryň arasynda käbir harytlaryň importyna degişli salgyt ýeňillikleri barada ylalaşyga gol çekilipdir.

Türkmen mediasy taraplaryň bu gepleşikleriň ähli ugurlardaky partnýorlygyň mundan beýläk ösmegine berk binýat döretjegine ynam baglandygyny habar beripdi.

29-njy martda Türkmenistana üç günlük resmi saparyna başlan Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkany aeroportda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow garşy aldy.

Ýeri gelende bellesek, Belarus döwletiniň prezident Lukaşenkonyň daşary ýurt saparlary üçin ulanýan uçaryny Türkmenistandan satyn alandygyny we onuň öňki türkmen prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň uçarydygyny käbir belarus media çeşmeleri habar beripdi.

Belarus prezidentiniň 29-31-nji mart günlerinde Türkmenistana edýän saparynyň soňky güni Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň resmi tabşyrylyş dabarasy geçiriler.

Bahasy 1 milliard amerikan dollary möçberindäki bu kombinatyň gurluşygy barada şertnama 2009-njy ýylda gol çekilipdi. Onuň gurluşygy 2010-njy ýylda başlandy. Şertnamada gurluşygy 2015-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulypdy.

Belarus hökümeti “Belgorhimprom” we beýleki iri kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurlan Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň 31-nji martda açyljakdygyny dekabrda yglan edipdi.

Türkmenistanyň gündogarynda Lebap welaýatynda ýerleşýän Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatynda ýylda 1.4 milliard tonna kaliý dökünlerini öndürmegi planlaşdyrýar.

Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenkanyň Türkmenistana bäşinji gezek sapar edýändigi aýdylýar. Onuň soňky sapary 2013-nji ýylyň noýabr aýynda bolupdyr.

XS
SM
MD
LG