Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň we Orsýetiň diplomatlary maslahata jemlendiler


NATO-nyň we Orsýetiň baýdaklary
NATO-nyň we Orsýetiň baýdaklary

NATO bileleşigine agza döwletleriň we Orsýetiň ilçileri bileleşigiň Brusseldäki baş edarasynda 2017-nji ýylda NATO-Orsýet geňeşiniň birinji maslahatyna jemlendiler.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg gepleşikleriň gündogar Ukrainadaky konflikti, Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýy we “regional terroristik töwekgelçiligi” öz içine alýan meselelere gönükdiriljekdigini 30-njy martda aýtdy.

NATO-nyň we Orsýetiň arasyndaky dartgynlylyk saklanýarka “harby hereketler, açyklyk we töwekgelçilikleri gowşatmak” meselesine-de üns beriljekdigini Stoltenberg aýtdy.

Şeýle-de, Stoltenberg diplomatlar “biziň harby pozisiýalarymyzy özara mälim ederler”, Orsýetiň günbatarynda üç sany täze diwiziýanyň ornaşdyrylmagy we “biziň Baltiýa döwletlerinde hem Polşada döretmek prosesindäki dört sany söweş topary” barada diskussiýa ederler diýdi.

Stoltenberg bu gepleşikler “häzir serhetlerimizde harby aktiwligiň güýçlendirilen wagtynda biz üçin has zerur bolan düşnüklilik we açyklyk ugrunda möhüm ädimdir" diýdi.

XS
SM
MD
LG