Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Tanymal adam hukuklaryny goraýjynyň aklawçysy howpsuzlyk sebäpli ýurdy terk etdi


Muazzama Kodirowa

Täjigistanly adam hukuklaryny goraýjy tussaglykdaky Buzurgmehr Ýorowyň aklawçysy öz howpsuzlygy sebäpli ýurduny terk etdi.

Muazzama Kodirowa häzirki wagtda Germaniýada bolup, syýasy gaçybatalga sorandygyny 29-njy martda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Kodirowanyň nirededigi üç aýlap nämälim bolupdy.

Kodirowanyň sözlerine görä, täjik häkimiýetleri ony öz müşderisi barada maglumatlary daşary ýurt habar beriş serişdelerine bermekde aýyplap, jenaýat işini açmak barada haýbat atypdyrlar.

Ýorow “Yslam gaýtadan döreýiş partiýasynyň” tussag edilen 13 agzasynyň aklawçysydy. Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon 2015-nji ýylda bu partiýany terrorçy gurama diýip atlandyrdy we gadagan etdi.

Oktýabr aýynda Ýorow 23 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi. Häkimiýetler ony hökümeti agdarmaga çagyrmakda we sosial närazylygy öjükdirmekde aýypladylar.

Mart aýynyň ortalarynda Täjigistanyň baş sudy Ýorowy sudy äsgermezlikde we hökümet resmisini kemsitmekde aýyplap, onuň tussaglyk möhletini ýene iki ýyllyk artdyrdy.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň sözlerine görä, Ýorow öz işi sebäpli Täjigistanyň häkimiýetleriniň basyşyna sezewar edilen azyndan bäş sany adam hukuklaryny goraýjynyň biri.

XS
SM
MD
LG