Sepleriň elýeterliligi

Orsýetli ýük ulag sürüjileriň ýüzlerçesi ýol salgydyny ýatyrmagy talap edýär


Orsýetli ýük ulag sürüjileriň ýüzlerçesi ýol salgydyny ýatyrmagy talap edip üç gün bäri iş taşlaýyş geçirýärler, Gorkowskoýe şosse, Moskwa regiony, 27-nji mart, 2017.

Orsýetli ýük ulag sürüjileriň ýüzlerçesi üç gün bäri iş taşlaýyş geçirip, hökümetden ýol salgydyny ýatyrmagy talap edýärler. Olar salgydy agyr we netijesiz atlandyrýarlar.

Guramaçy iş taşlaýyşyň “azyndan 15-nji aprele çenli” dowam etjekdigini 29-njy martda AFP agentligine aýtdy.

Orsýetiň Ýük daşaýjylar guramasynyň koordinatory Mihail Kurbatow iş taşlaýyşa gatnaşýanlaryň san taýdan Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystanda iň köpdügini, bu ýerde “ýük ulag sürüjileriň 95%-niň gatnaşýandygyny” aýtdy.

Şeýle-de ol Sankt Peterburgda 200, günbatar Sibiriň Týumen regionynda 170 ýük ulag sürüjiniň iş taşlaýyş geçirýändigini aýtdy.

Guramaçylar iş taşlaýyşa azyndan 10 müň ulag sürüjiniň gatnaşmagyna garaşandyklaryny aýtdylar.

2015-nji ýylda girizilen Platon ýol salgyt sistemasy ýük ulag sürüjileriň arasynda protest döredipdi. Olar salgytlaryň artdyrylmagynyň esasy maksadyny ýollary gowulandyrmakda däl-de hökümetiň goşmaça girdeji almak isleginde görýärler.

Häzirki protest çykyşyna hökümetiň 31-nji ýanwarda transport salgydyny iki esse galdyrmak karary sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG