Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň döwlet sekretary Tillerson Türkiýäniň ýolbaşçylary bilen duşuşýar


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (s) we ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson (ç), Ankara, 30-njy mart, 2017.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (s) we ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson (ç), Ankara, 30-njy mart, 2017.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson ekstremist “Yslam döwleti” (YD) toparyna garşy göreşde NATO-nyň ýarany bolan Türkiýä edýän bir günlük saparynyň dowamynda türk resmileri bilen duşuşdy.

Tillerson Ankarada prezident Rejep Taýyp Erdogan we premýer-ministr Binali Ýyldyrym bilen aýra-başga duşuşyk geçirdi.

Tillerson we Ýyldyrym alty ýyl bäri weýrançylykly graždan urşuny başdan geçirýän Siriýa barada, şeýle-de Siriýada we Yrakda YD toparynyň söweşijilerini ýok etmek boýunça göreş barada diskussiýa geçirdiler, diýip Türkiýäniň premýer-ministriniň edarasy habar berdi.

Döwlet departamentine görä, gepleşiklerde taraplar “regionda möhüm howpsuzlyk we ykdysady gatnaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça işleri” ara alyp maslahat edipdir we Tillerson “Türkiýäniň regional liderdigini we NATO-nyň uzak wagtlyk ýaranydygyny hem bu ugurdaky möhüm roluny” nygtapdyr.

Ankara Siriýada YD toparynyň soňky galasy hasaplanýan Rakka şäherini söweşijileriň elinden almak boýunça bilelikde göreşmek üçin Waşingtona basyş edýär.

Şeýle-de, gepleşiklerde Ankaranyň geçen ýylyň iýul aýynda Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşygyny amala aşyrmak synanyşygyny guramalaşdyrmakda güman edýän Fethulal Güleniň ekstradisiýa edilmegini sorap ABŞ-dan edýän talabynyň hem maslahat edilmegine garaşylýar.

ABŞ-da ýaşaýan dinçi Gülen türk häkimiýetleriniň aýyplamalaryny ret edýär.

XS
SM
MD
LG