Sepleriň elýeterliligi

"Galaxy S8" we "iPhone 8" ýylyň wakasyna öwrülip biler


iPhone 6

Täze kysymly telefonlaryň halka hödürlenmegi hemişe firmalar üçin iň esasy hadysa bolup durýar.

Ýöne 29-njy martda säher bilen "Samsung" firmasynyň "Galaxy S8" kysymly täze mobil telefonynyň we ýylyň ahyryna golaý hem "Apple" firmasynyň "iPhone 8" kysymly täze mobil telefonyny halka hödürlemegi bu firmalaryň şu wagta çenli döreden iň möhüm "smartfon çäresi" bolup biler. Şeýle maglumaty "CNBC" habar berýär.

"Samsung" kyn ýagdaýda

Bazaryň smartfon önümlerinden doly bolmagy sebäpli her iki firmanyň hem agyr synag bilen ýüzbe-ýüz bolmagy aýdylýar. Geçen ýyl "Note7" kysymly smartfonyň şowsuzlyga uçramagyndan soň "Galaxy S8" kysymly täze mobil telefon hakynda ep-esli maglumat ýaýradyldy. "Samsung" owalky wakada ähli mobil telefonlary yzyna gaýtaryp almak üçin çagyryş edýär we ýeterlik netije alyp bilmänsoň hem iň soňunda olaryň satuwyny togtadýar. Günorta Koreýa bu waka sebäpli ötünç sorady we munuň bilen baglanşykly jikme-jik hasabat ýaýratdy. Ýöne muňa garamazdan, ol waka adamlaryň aňyndan doly aýrylmaýar.

Şol bir wagtyň özünde "Samsung Group" şereketler toplumynyň mirasdüşeri Jaý Ý. Lee hem sülçülere para-peşgeş bermekde we olary öz bähbidine gönükdirmekde aýyplanýar. Bu Günorta Koreýada dowam edýän korrupsiýa galmagaly bilen arabaglanyşykly bir ýagdaýdyr. Ol galmagal ýurduň prezidenti Park Geun-hýeniň wezipeden çekilmegine sebäp boldy.

Täze kysymly smartfonlar nähili tapawutlanýar?

Makalada aýdylşyna görä, "Şowly we kämilleşen tehnologiýaly "Galaxy S8" kysymly täze smartfon aslynda "Samsung" firmasynyň häzirki döwürde başdan geçirýän kynçylyklaryndan ünsi sowup, "Note 7" şowsuzlygyny hem ýatdan çykardar. Şeýlelikde, mobil pudakdaky satuwy we girdeýjini hem ýokarlandyryp biler.

Beýleki tarapdan, "Apple" firmasynyň ýagdaýy hem o diýen öwerlikli däl. Firmanyň girdeýjisi 2016-njy ýylda 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek pese gaçdy. Ýylyň üç çärýeginde hem "iPhon" satuwy azaldy. Ahyrky täze önüm bolan "iPhone 7" kysymly smartfon ondan owalky "iPhone 6s" kysymly smartfondan kän tapawutlanmaýandygy üçin, berk tankyt edildi.

Emma gizlinlikde alynan maglumatlara salgylanan CNBC-iň ýazmagyna görä, şol bir wagtyň özünde "Galaxy S8" we "iPhone 8" iki firmanyň iň gowy önümi hasaplanýar. "Galaxy S8" kysymly smartfonyň ullakan ekrany we täze emeli aňy (AI) ýaly döwrebap aýratynlyklary bar. "iPhone 8" kysymly smartfonda bolsa, myş-myşlara görä täze 3D kamera goýlupdyr.

Ýöne makalada şol bir wagtyň özünde Hytaýyň "Huawei" şereketiniň hem bazarda "Apple" we "Samsung" firmalarynyň yz ýanyndan gelýändigi we dünýäde üçünji iň esasy smartfon öndüriji bolup durýandygy nygtalýar

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG