Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň, Belarusyň prezidentleri Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinaty açýarlar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç) we Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka (s)

Türkmenistan we Belarus halkara terrorizm, bikanun neşe dolanyşygy we serhetaşyr jenaýatçylyklar ýaly häzirki döwrüň howp-hatarlaryna garşy göreşi dowam etdirerler diýlip, iki ýurduň prezidentleriniň 30-njy martda Aşgabatda geçirilen gepleşikleriniň yzýany resmi maglumatlarda habar berildi. Şeýle-de taraplar ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ösendigini we 2016-njy ýylda ozalky ýyldan 4.4% ösendigini belläpdir. Haryt dolanyşygynyň möçberi barada resmi maglumatda habar berilmedi.

Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň Türkmenistana edýän üç günlük saparynyň dowamynda Belarusyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň täze binasy açyldy.

Şeýle-de, iki ýurduň prezidentleriniň duşuşygynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aleksandr Lukaşenka türkmen halysyny sowgat berendigi habar berildi.

31-nji martda Türkmenistanyň we Belarusyň prezidentleri Lebap welaýatyna baryp, Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň açylyş dabarasyna gatnaşýarlar.

XS
SM
MD
LG