Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda partlamada 22 adam wepat boldy


Pakistanyň Owganystan bilen serhediniň golaýyndaky Kurram etrabynyň paýtagty Paraçinarda partlama zerarly azyndan bäş adam wepat boldy, 31-nji mart, 2017.

Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda esasan şaýy ilatly tire-taýpalar regionynda bolan partlamada azyndan 22 adam wepat boldy we onlarçasy ýaralandy diýlip habar berilýär.

Hökümetiň administratory Zahid Hussainiň aýtmagyna görä, partlama 31-nji martda şaýy metjidiniň golaýynda şäheriň merkezindäki bazarda bolupdyr.

Mundan öň Pakistanyň Owganystan bilen serhediniň golaýyndaky Kurram etrabynyň paýtagty Paraçinar şäherinde bolan bu partlamada wepat bolanlaryň sanynyň sekiz adama ýetendigi, şaýatlara salgylanyp habar berilipdi.

Partlamyň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady. Mundan öň Paraçinarda 21-nji ýanwarda 24 adamyň wepat bolmagyna we onlarça adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan partlamanyň jogapkärçiligini Pakistanyň “Talyban” hereketi öz üstüne alypdy.

Kurram etraby şaýylaryň we sünnileriň arasyndaky garşylygyň dowam edýän ýeri hasaplanýar. Şaýylar 200 million ilatly Pakistanyň ilatynyň 20%-ni emele getirýärler.

XS
SM
MD
LG