Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tillerson NATO ýurtlaryny gurama üçin çykdajylary artdyrmaga çagyrar


ABŞ-nyň we NATO-nyň baýdaklary, Brussel, 31-nji mart, 2017.
ABŞ-nyň we NATO-nyň baýdaklary, Brussel, 31-nji mart, 2017.

NATO-nyň daşary işler ministrleriniň 31-nji martda Brusselde geçýän duşuşygynyň goranmak üçin çykdajylar we terrora garşy göreş bilen bagly meselelere bagyşlanjakdygy aýdylýar.

Bu duşuşyga Reks Tillerson ABŞ-nyň döwlet sekretary wezipesinde ilkinji gezek gatnaşýar. Döwlet departamentiniň resmisiniň mälim etmegine görä, onuň NATO-nyň agzalaryny beleleşigiň çykdajylary üçin öz goşantlaryny artdyrmaga ündemegine garaşylýar.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg duşuşygyň dowamynda “berk trans-atlantik aragatnaşygyny saklamak üçin agramy deň paýlaşmak” we “NATO-nyň durnuklylygy ornaşdyrmak we terrorizme garşy göreşmek boýunça tagallalaryny güýçlendirmek” bilen bagly meselelere garaljakdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp NATO-ny tankyt edip, ony “wagty geçen” diýip atlandyrypdy. Şeýle-de Trampyň Orsýet bilen gatnaşyklary gowulandyrmak barada eden çykyşlary ABŞ-nyň NATO boýunça ýaranlarynyň ençemesini aladalandyrypdy.

XS
SM
MD
LG