Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň woleýbol komandasy ilkinji gezek Aziýanyň çempionatynda ýeňiji boldy


Gyrgyzystanyň wolleýbol komandasy, Maldiw adalary, 30-njy mart, 2017.
Gyrgyzystanyň wolleýbol komandasy, Maldiw adalary, 30-njy mart, 2017.

Gyrgyzystanyň woleýbol komandasy ilkinji gezek Aziýanyň çempionatynda ýeňiji boldy, diýlip habar berildi.

Media maglumatlaryna görä, woleýbol boýunça halkara ýaryşynyň 30-njy martda Maldiw adalarynda geçirilen jemleýji tapgyrynda Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň woleýbol boýunça ýygyndy komandalarynyň duşuşygynda gyrgyz tarapy 3:1 umumy hasap bilen ýeňiş gazandy we öz taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň zonalar boýunça çempionatynda ýeňiji boldy.

Bu çempionatyň 2015-nji ýylda ýeňiji bolan Türkmenistanyň komandasy şu ýyl kümüş medala eýe boldy.

Maldiw adalarynda geçirilen ýaryşlaryň başynda 23-nji martda Türkmenistanyň Nepalyň komandasyndan üstün çykandygy habar berilipdi.

XS
SM
MD
LG