Sepleriň elýeterliligi

“Amnesty International”: Özbegistan öz raýatlaryny yzarlaýar


Özbegistanyň kartasy

“Amnesty International” guramasy Özbegistanyň hökümetiniň ýurduň içinde we daşynda öz raýatlaryny yzarlamak boýunça bikanun işleri amala aşyrýandygyny aýdýar.

Adam hukuklary boýunça guramanyň 31-nji martda çap eden hasabatynda hökümetiň hereketleriniň Ýewropada özbekler üçin “gorky we kesgitsizlik ýagdaýyny döredýändigi” bellenýär.

Hasabat “köpçülikleýin yzarlamalaryň diňe bir Özbegistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna däl-de Ýewropadaky özbegistanly adamlara ýetirýän täsiriniň üstüni açýar” diýip, “Amnesty International” guramasynyň tehnologiýalar we adam hukuklary boýunça bilermeni Joşua Franko aýtdy.

“Gorky maşgalalara zeper ýetirýär, sebäbi käbirler ýurtda galan ýakynlaryna zyýan ýetirmekden howatyrlanyň habarlaşmaga gorkýarlar” diýlip hasabatda bellenýär.

XS
SM
MD
LG