Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň diplomaty Pakistana, Omana we Türkmenistana barýar


Birleşen Ştatlaryň Ýakyn Gündogardaky hem-de Günorta we Merkezi Aziýadaky dini azlyklar boýunça ýörite maslahatçysy Knox Thames.

Birleşen Ştatlaryň diplomaty dini azlyklary we din azatlygyny öz içine alýan gepleşikleri geçirmek üçin Pakistana, Omana we Türkmenistana barýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 29-njy martda ýaýradan beýanatyna görä, Birleşen Ştatlaryň Ýakyn Gündogardaky hem-de Günorta we Merkezi Aziýadaky dini azlyklar boýunça ýörite maslahatçysy Knox Thames gürrüňi edilýän üç ýurda 29-njy martdan 5-nji aprel aralygynda sapar edýär.

Beýanatda Thamesiň Pakistanda “hökümet resmileri, raýat jemgyýetçiligi we dini jemgyýetleriň agzalary bilen duşuşyp, dini azlyklaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini maslahat etjekdigi” aýdylýar.

Ol Türkmenistanda din azatlygyny maslahat etmek üçin hökümet resmileri we dini toparlar bilen duşuşar diýlip, beýanatda nygtalýar.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Türkmenistan Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň dünýäde din azatlygynyň üpjün edilişine baha berýän ýyllyk hasabatlarynda ýylyň-ýylyna “aýratyn aladalanma döredýän ýurtlaryň” sanawynda ýerleşdirilýär.

Bu departamentiň geçen ýylyň awgust aýynda çap eden soňky hasabatynda, Türkmenistanyň konstitusiýasy raýatlaryň dini ynanjyna garamazdan, olaryň deňhukuklydygyna kepil geçse-de, ýurtda käbir dini toparlaryň agzalarynyň tussag edilmegi, dini toparlaryň hasaba durmak hukugy we proseduralary barada informasiýalaryň ýetmezçiligi we din azatlygy barada aladalanmalar saklanyp galýar diýilýär.

“Geçen ýylyň dowamynda dini azlyklara, hususan-da, protestantlara we “Ýegowanyň şaýatlary” dini toparynyň agzalaryna garşy kemsitmeleriň, şeýle-de öý dökmek, dini materiallary konfiskasiýa etmek, urup-ýençmek we eden-etdilikli tussag etmek ýaly wakalaryň bolandygy habar berildi” diýlip, hasabatda aýdylýar.

Şeýle-de, raportda geçen ýylyň dowamynda täze dini toparlaryň hiç biriniň resmi taýdan hasaba alynmandygy bellenilip, ýurduň kanunçylygy hasaba alynmadyk dini toparlaryň ähli işlerini gadagan edýär diýilýär.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maglumatynda Knox Thamesiň anyk haýsy günler nirä sapar etjekdigi barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG