Sepleriň elýeterliligi

Tillerson NATO agzalaryny has köp maliýe çykarmaga çagyrýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson NATO-nyň maslahatynda çykyş edýär. 31-nji mart, 2017 ý.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson NATO agzalaryna goranmak maksatly çykdajylary artdyrmagy ýa-da Ýaranlygyň býujet görkezmelerini berjaý edip bilmek üçin, iki aýyň içinde plany hödürlemegi teklip etdi.

NATO-nyň daşary işler ministrleriniň Brýusselde geçirýän maslahatynyň dowamynda, Tillerson ABŞ-yň çykarýan maliýe serişdeleriniň Ýaranlygyň beýleki 27 agzasy bilen deňeşdireniňde “proporsional däldigini” aýtdy.

Ýeri gelende ýatlatsak, 2014-nji ýylda NATO liderleri 10 ýylyň içinde öz ýurtlarynyň içerki dolanyşykdaky önümleriniň 2%-ni geçirmek barada ylalaşypdylar. Häzir muňa diňe bäş ýurt amal edýär.

Tillerson çykyşynyň dowamynda ABŞ-yň NATO-nyň özüni, şol sanda Russiýanyň hem agressiýasyndan goramaga ukybynyň boljakdygyna kepil geçjekdigini-de sözüne goşdy.

Ýaranlygyň Brýusselde geçýän duşuşygy 25-nji maýda boljak NATO sammitine taýýarlykdyr. Oňa ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp hem gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Tramyň NATO-nyň “könelişen” diýip, tankytlamagy, şeýle-de Russiýa bilen has içgin gatnaşyklary isleýändigini mälim etmegi Ýaranlygyň köp agzalary tarapyndan aladaly garşylandy.

Käbir liderler Trampyň Russiýanyň Ukraina girmegini bes etmek tagallalaryna-da ozalky ABŞ prezidentleri ýaly – ygrarly däldigini aýdyp, aladalaryny bildirdiler.

Stoltenberg Ýaranlygyň “Russiýa meselesinde umumy pozisiýasynyň bardygyny” aýtdy.

Ýatladyp geçsek, Günbatar ýurtlary Russiýanyň Ukrainanyň Krym ýarym adasyny bikanun basyp almagynyň, şeýle-de Ukrainanyň gündogaryndaky separatistleri goldamagy netijesinde, Moskwa garşy sanksiýalary girizipdiler.

Stoltenberg 30-njy martda geçirilen Russiýa-NATO Geňeşiniň maslahatyndan soň, iki tarapyň arasynda Ukraina boýunça “açyk düşünişmezlikleriň saklanyp galýandygyny” aýtdy.

Russiýanyň NATO-daky ilçisi bolsa NATO-ny “Kiýewe dowamly syýasy goldaw bermekde” aýyplap tankytlady.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG