Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Parahatçylyk ylalaşygy üçin ‘köp wagt gerek’


Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýa boýunça ilçisi Staffan de Mistura.
Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýa boýunça ilçisi Staffan de Mistura.

Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýa boýunça ilçisi oppozision liderler bilen hökümetiň arasynda bolan parahatçylyk gepleşikleriň bäşinjisinde “ýuwaş-ýuwaşdan” progresiň bolandygyny, emma parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmak üçin entek köp wagtyň gerekdigini duýdurdy.

31-nji martda Ženewada tamamlanan dokuz günlük gepleşiklerden soň, Staffan de Mistura taraplar gepleşikleriň nobatdaky tapgyryny geçirmäge “uly gyzyklanma” bildirdiler, emma gepleşikleriň geçiriljek senesini heniz kesgitlemediler diýdi.

Oppozisiýanyň we hökümetiň araçylary aýry-aýrylykda Mistura bilen duşuşdylar. Mistura iki tarapyň hem gepleşikleri terk etmändigine örän şatdygyny mälim etdi.

Şeýle-de, ol gepleşikleriň heniz taýýarlyk tapgyryndadygyny boýun alyp, gepleşiklerde dolandyryş, täze konstitusiýanyň taslamasyny taýýarlamak, saýlawlar we terrorçylyga garşy göreşmek ýaly dört meselä üns bermäge çalşylýandygyny aýtdy.

“Hakyky parahatçylyk gepleşiklerine başlamazdan ozal, her bir gepleşiklerde taýýarlanylmaly anyk meseleler bar. Biz heniz bu tapgyra ýetmedik” diýip, Mistura belledi.

Ol Russiýanyň, Eýranyň we Türkiýäniň araçylyk etmeginde gelnen ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň statusy dogrusynda aladalanmalaryny hem beýan etdi.

De Mistura Gazagystanyň paýtagty Astanadaky gepleşiklere hemaýat eden bu üç döwleti “ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy janlandyrmaga” çagyrdy.

Soňky iki hepdäniň dowamynda Siriýadaky ok atyşyklar güýçlendi.

Pitneçi toparlar Damaskyň etraplaryna garşy hüjümlere başlap, Hama şäheriniň golaýyndaky birnäçe obany basyp aldylar.

Siriýanyň hökümet güýçleri tarapyndan amala aşyrylan hüjümlerde bu territoriýalaryň aglabasy yzyna alyndy.

2011-nji ýylyň mart aýynda hökümetiň demokratiýa tarapdar protestçilere basyş etmegi netijesinde başlan Siriýa urşunda häzire çenli ortaça 300 müň adam öldi we başga-da millionlarçasy başga ýerlere göçmäge mejbur boldy.

Bu uruşda Russiýa we Eýran prezident Başar al-Assady, Türkiýe we Birleşen Ştatlar Siriýanyň hökümet güýçlerine garşy söweşýän dürli toparlary goldaýarlar.

XS
SM
MD
LG