Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sinjiang ‘ekstremizme garşy göreş’ çäklendirmelerini kabul etdi


Hytaýyň günbataryndaky Sinjiang regiony.
Hytaýyň günbataryndaky Sinjiang regiony.

Hytaýyň günbataryndaky Sinjiang regiony “dini ekstremizme garşy göreşmek kampaniýasy” diýip, raýatlara garşy birnäçe çäklendirmeleri girizdi.

Bu täze düzgünler Sinjiangyň kanunçykaryjylary tarapyndan şu hepde kabul edildi we 1-nji aprelden başlap hem güýje girdi.

Onda “normal däl” görnüşde uzyn sakgal goýbermek, tutuş ýüzüňi we teniňi ýapýan egin-eşikleri geýmek we radioda ýa-da telewideniýede hökümetiň propagandasyny diňlemegi ret etmek gadagan edilýär diýlip, Sinjiangyň hökümet websaýtynda çap edilen resminamada aýdylýar.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Sinjiang “yslamçy ekstremizmiň artmagyna garşy göreş” diýip, çäklendirmeleriň ençemesini kabul edipdi.

Bu regionda aglaba türki dilli musulman uýgurlar ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG