Sepleriň elýeterliligi

Russiýa ‘Talybany’ milli ýaraşyga itermäge synanyşýandygyny aýdýar


Russiýanyň NATO-daky ilçisi Aleksandr Gruşko.

Russiýa Owganystandaky “Talybany” milli ýaraşyga itermek we rus raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, özüniň harby topar bilen aragatnaşykdadygyny aýtdy.

31-nji martda habarçylaryň öňünde çykyş eden Russiýanyň NATO-daky ilçisi Aleksandr Gruşko Moskwanyň “Talybana” kömek edýändigi baradaky maglumatlary ret edip, “köp ýurtlaryň” bu topar bilen aragatnaşyk saklaýandygyny belledi.

“Biz konsultasiýalarymyzy, edýän işlerimizi Owganystanyň merkezi hökümetiniň gatnaşmagynda geçirýäris” diýip, Gruşko aýtdy.

Mundan öň, Londonda Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Jim Mattis Russiýanyň “Talyban” hereketi bilen özara gatnaşyklary dogrusynda aladalanmalaryny beýan edipdi. Owganystanda “Talyban” hereketi Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan hökümete we Birleşen Ştatlaryň harby güýçlerine garşy söweşýär.

XS
SM
MD
LG