Sepleriň elýeterliligi

Paragwaýda protestçiler ýurduň Kongresini oda berdi


Paragwaýda protestçiler ýurduň Kongresini oda berdiler.

Paragwaýda kanunçykaryjylar ýurtda prezidentiň gaýtadan prezident saýlawlaryna dalaş etmegine rugsat berýän konstitusion üýtgetmeler barada gizlinlikde ses berensoň, protestçiler ýurduň Kongresini oda berdiler.

Protestçiler paýtagt Asunsondaky kanunçykaryjy organyň binasyna girip, ony 31-nji martda giçlik oda berdiler.

Polisiýa köpçüligi dargatmak üçin rezin oklary we suw toplaryny ulandy. Bu wakada onlarça adamyň, şol sanda protestçileriň, polisiýa ofiserleriniň we syýasatçylaryň ýaralanandygy habar berilýär.

Prezident Horaktio Kartes parahatçylygy saklamaga çagyryş edip, hökümetiň “ýurtdaky düzgün-tertibi saklamak üçin ähli tagallalary etjekdigini” duýdurdy.

Günorta Amerika respublikasynyň 1992-nji ýylda kabul edilen konstitusiýasyna laýyklykda, ýurtda prezident bäş ýyl möhlet bilen diňe bir sapar saýlanyp bilýär. Ýöne Kartes konstitusiýadaky bu çäklendirmäni aýyrmaga synanyşýar.

XS
SM
MD
LG