Sepleriň elýeterliligi

Kanada Yrakdaky, Siriýadaky missiýasynyň möhletini uzaltdy


Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň agzasy "Yslam döwleti" atly toparyň logotipi ýerleşdirilen banneri aýyrýar.

Kanada Yrakdaky we Siriýadaky “Yslam döwleti” toparyna garşy göreşýän harby missiýasynyň möhletini 30-njy iýuna çenli uzaltýandygyny yglan etdi.

31-nji martda goranmak ministr Harjit Sajjan bu üç aýyň dowamynda ýurduň hökümeti Kanadanyň Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýa edýän goşandyna zerurlygyň bolup-bolmandygyny derňär diýdi.

Gürrüňi edilýän missiýanyň möhletiniň mart aýynyň ahyryna tamamlanmagyna garaşylýardy.

Kanada öz goşunyny ilkinji gezek 2014-nji ýylyň ortalarynda Yrakda ýerleşdiripdi. Şondan soň ol öz goşunyny Siriýa hem salypdy.

Milli goranmak ministrliginiň beýanatynda “öňümizdäki üç aýyň dowamynda Kanadanyň harby goşandynyň masştabynyň we missiýasynyň geriminiň öňküsi ýaly saklanyp galjakdygy” aýdylýar.

Missiýa Yragyň howpsuzlyk güýçlerine “maslahat” we “ýardam bermegi” dowam etdirer diýlip, beýanatda nygtalýar.

Sajjan Mosul şäheriniň gündogarynda 200 çemesi kanadaly ýörite güýçleriň hereket edýändigini aýtdy.

Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan yrak güýçleri Mosuly “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerinden azat etmäge synanyşýar.

XS
SM
MD
LG