Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Zyýarathana müjewüri 20 adamy öldürdi


Sargodhaly aýal

Pakistanda ýerli zyýarathananyň müjewüri we onuň kömekçileri tarapyndan 20 adam gynalyp öldürildi diýip, polisiýa aýtdy.

Uly polisiýa resmisi Mohammad Bilal 2-nji aprelde gündogardaky Panjap welaýatynyň Sargodha şäheriniň golaýyndaky obada zyýarathana goraçysynyň we ýene dört adamyň tussag edilendigini, olaryň 1-nji aprel güni giçlik dindarlary serhoş edip, soňra taýak we pyçak bilen öldürendiklerini aýtdy.

Ýene dört adam, şol sanda üç aýal agyr ýagdaýda diýip, habarda aýdylýar. Pakistanyň Geo TV-si pidalaryň öldürilmezden öň gynalandygyny, olaryň jesetleriniň ýalaňaç halda tapylandygyny aýtdy.

Sargodhanyň polisiýa ofiseri Zameýer Hussain Azatlyk radiosynyň Pakistan gullugyna bu işiň derňelýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG