Sepleriň elýeterliligi

Rus neşiri çeçen häkimiýetleriniň homoseksuallary öldürýändigini aýdýar 


Ramzan Kadyrow

Orsýetiň «Novaya Gazeta» neşiri Çeçenistanda häkimiýetleriň homosesuallary tussag edip, öldürýändigini habar berýär.

Gazet 1-nji aprelde ady aýdylmaýan birnäçe çeşmä salgylanyp, soňky günler Çeçenistanda «100-den gowrak» homoseksual erkegiň tussag edilendigini we olaryň azyndan üçüsiniň öldürilendigini habar berdi.

«Novaya Gazeta» anyk san we resmileriň atlaryny bermezden, geý erkekleriň tussag edilendigi baradaky maglumatyň regionyň Içeri işler ministrligi, Federal howpsuzlyk gullugy, prokuratura resmileri we şeýle-de LGBT aktiwistleri tarapyndan tassyk edilendigini aýtdy.

Çeçen respublikasynyň baştutany Ramzan Kadyrow bu habary “doly ýalan we nädogry maglumat” diýip ret etdi. Ol beýle adamlaryň respublikada ýokdugyny we şonuň üçin olaryň tussag edilip bilinmejekdigini öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG