Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meşhur rus şahyry Ýewgeniý Ýewtuşenko aradan çykdy 


Ýewgeniý Ýewtuşenko
Ýewgeniý Ýewtuşenko

Meşhur rus şahyry Ýewgeniý Ýewtuşenko 85 ýaşynda, Birleşen Ştatlaryň Tulsa şäherindäki hassahanada aradan çykdy.

Ol 31-nji martda agyr ýagdaýda hassahana ýerleşdirildi. Şahyr ýogalanda aýaly Maria Novikova hem olaryň iki ogly onuň ýanynda eken.

"Ýewtuşenko özüniň ýaşlyk ýyllaranda hem, kämil döwründe-de rowaýat boldy» diýip, Nobel baýragynyň eýesi Aleksandr Solženissynyň aýaly Natalýa Solženisyna Orsýetiň döwlet telewideniýesine aýtdy.

"Ol öz prinsipi esasynda ýaşady: Orsýetde şahyr şahyrdan has uly. Onsoň ol hakykatdanam şahyrdan has uly boldy. Ol raýatdy we öz graždan pozisiýasyny berk gorady” diýip, Solženisyna aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin şahyryň maşgalasyna gynanjyny beýan etdi.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow «Ýewtuşenko beýik şahyr boldy we onuň mirasy Orsýetiň medeniýetiniň bir bölegidir» diýdi.

XS
SM
MD
LG