Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: 50 müň siriýaly yzyna alnan ýerlere dolandy 


Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu
Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu 50 müň çemesi siriýaly bosgunyň Türkiýe we onuň demirgazyk Siriýadaky oppozisiýa ýaranlary tarapyndan yzyna alnan ýerlere yzlaryna dolanandyklaryny aýtdy.

Çawusoglu bu sözleri premýer-ministr Binali Ýildirim Türkiýäniň «Ýefrat galkany» operasiýasynyň üstünlikli tamamlanandygyny jar edeninden üç gün soň aýtdy.

Türkiýe we onuň ýaranlary bu missiýa awgust aýynda, «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerini türk-siriýa serhedinden kowup çykarmak üçin başlapdy.

Çawusoglu YD jeňçilerinden yzyna alnan ýerlerdäki howpsuzlyk jogapkärçiliginiň ahyrynda ýerli güýçleriň eline berlendigini aýtdy.

Türkiýe bu sebitdäki kürt milisiýasyna-da garşy göreşýär, sebäbi Ankara olary «terrorçy» hasaplaýar.

XS
SM
MD
LG