Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Suw baýramçylygyny belleýär


Aşgabatdaky suw çüwdürimleriniň biri

Türkmenistan «Suw damjasy – altyn dänesi» baýramçylygyny belleýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk gutlagynda häzir ýurtda suw serişdelerini aýawly saklamak we ondan tygşytly peýdalanmak boýunça uly işleriňedilýändigi aýdylýar.

«Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny, suw hojalyk desgalarynyň we ulgamlarynyň gurluşyklarynda öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys» diýip, prezident aýdýar.

Türkmenistan suwy iň bisarpa ulanýan ýurtlaryň hatarynda agzalýar.

Şonuň bilen bir wagtda, sowet ýyllaryndan gelýän pagta planlary bilen baglylykda, suwuň ölçegsiz ulanylmagy, ýerleriň şorladylmagy ýaly praktikalaryň dowam edýändigi, ikinji tarapdan ilata arassa agyz suwunyň ýetmezçilik edýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG