Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada 29 protestçi tussag edildi


Moskwada tussag eduilen adam, 2-nji aprel, 2017.
Moskwada tussag eduilen adam, 2-nji aprel, 2017.

Polisiýa 2-nji aprelde Moskwanyň merkezinde 29 sany oppozisiýa protestçisini tussag edendigini aýtdy.Bir hepde ozal, Kremliň öňbaşçy tankytçysy we korrupsiýa garşy kampaniýaçy Alekseý Nawalnynyň gurnan demonstrasiýasynda müňden gowrak adam tutulypdy.

"Polisiýa tarapyndan 29 adam tussag edildi, olar jemgyýetçilik düzgünini bozdular» diýip, şäher polisiýasynyň metbugat gullugy aýtdy.

Häzir geçen hepdede guralan ýygnanyşykda polisiýa gulak asmandygy üçin 15 gije-gündiz tussaglykda oturan Nawalnyý bu protestlerden özüni çetleşdirdi.

"Ol bu barada hiç zat bilmeýär» diýip, onuň sözçüsi Kira Ýarmyş twitterde ýazdy.

26-njy martdaky protestler onlarça rus şäherinde on müňlerçe adamy köçelere çykarmak bilen, soňky bäş ýylda ýurtda hökümete garşy guralan iň uly demonstrasiýalar boldy.

Rus hökümeti 1-nji aprelde 2-nji aprelde paýtagtda korrupsiýa garşy ygtyýar berilmedik proteste çagyran näbelli adamlara garşy jenaýat işini açandygyny aýtdy.

Aýdylmagyna görä, hökümet proteste çagyrýan internet sahypalarynyň birnäçesini petikledi.

XS
SM
MD
LG