Sepleriň elýeterliligi

Serbiýanyň premýer-ministri Wuçuç öz ýeňşini yglan etdi


Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandr Wuçiç metbugat konferensiýada çykyş edýär, Belgrad, 2-nji aprel, 2017

Premýer-ministr Aleksandr Wuçiç Serbiýanyň prezidentlik saýlawlarynda garaşylyşy ýaly “anyk” ýeňiş gazandy. Onuň ýeňişi bu Balkan ýurduna Orsýetiň täsiriniň güýçlenip biljegini aňladýar.

2-nji aprelde deslapky netijeleriň yglan edilmeginden soň Wuçiçiň ýeňiş gazanandygy mälim bolanda ol öz “Progressiw partiýasynyň” tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda “Meniň ýeňişim örän anykdyr. Bu biz üçin iňňän möhüm gündir we ol Serbiýanyň haýsy ýoly saýlamalydygyny görkezýär” diýdi.

Wuçiç Serbiýany Ýewropa Bileleşigine alyp barmagy wada beripdi, emma, şeýle-de ýurduň uzak möhletli ýarany bolan Orsýet bilen has ýakyn gatnaşyklaryň tarapynda çykyş edipdi.

Resmi netijeleriň 3-nji aprelde yglan edilmegine garaşylýar. Emma Wuçiç ses berijileriň pikirini öwrenýän dürli agentlikleriň onuň sesleriň 55% toplandygy barada 2-nji aprelde yglan eden netijelerinden soň özüniň ýeňiş gazanandygyny yglan etdi. Serbiýanyň öňki premýer-ministri Sasa Ýankowiçiň 15% ses toplap, ilkinji ýerde barýandygyny “Ipsos” agentligi habar berdi.

XS
SM
MD
LG