Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanyň prezidenti Orsýete sapar edýär


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew (s) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç)

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew 4-5-nji aprelde Orsýete sapar edýär, diýlip Kremliň maglumatynda aýdylýar.

Orsýetiň prezidentiniň metbugat gullugyna görä, Mirziýaýew saparyň dowamynda Wladimir Putin bilen gepleşik geçirer.

Mirziýaýewiň bu sapary onuň öňki prezident Yslam Kerimowyň ýogalandygy barada geçen ýylyň sentýabr aýynda yglan edilmeginden soň Özbegistanyň prezidenti wezipesinde geçip, Orsýete edýän ilkinji resmi wizitidir.

Mirziýaýew dekabr aýynda Özbegistanyň prezidenti wezipesine saýlanypdy.

Putin sentýabr aýynda merhum prezident Kerimowyň guburyna zyýarat etmek üçin Özbegistana baranda Mirziýaýew bilen duşuşypdy.

Orsýetiň täzelikler agentlikleriniň 3-nji aprelde habar bermegine görä, Mirziýaýew Orsýet bilen harby-tehniki hyzmatdaşlygy boýunça ylalaşygy tassyklamak barada karara gol çekipdir. Bu ylalaşyk ýarag söwdasyny göz öňünde tutýar.

XS
SM
MD
LG