Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi prezident Tramp Orsýete garşy berk hereketleri doly goldar diýdi


ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý, Waşington.

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi prezident Donald Trampyň ýurduň prezidentlik saýlawlaryna Kremliň gatnaşygy boýunça geçirilýän derňewleriň tamamlanmagyndan soň Orsýete garşy berk hereketleri doly goldajakdygyny aýtdy.

“Biz hiç wagtda, hiç bir ýurduň öz saýlawlarymyza goşulyşmagyny islemeýäris” diýip, Nikki Haley 2-nji aprelde "ABC" telewideniýesine aýtdy. Şeýle-de ol Orsýetiň kampaniýa goşulandygyna hiç hili şübhäniň ýokdugyny belledi.

Ol öz sözleriniň prezident Trumpyň 2016-njy ýylyň prezidentlik kampaniýasynda Orsýetiň roluny kemeldip görkezýän çykyşlaryna garşy çykmaýandygyny belledi.

ABŞ-nyň aňtaw gulluklary Orsýet Trampyň ýeňiş gazanmagyna ýardam bermek tagallasy bilen ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna goşulyşdy diýlen netijä geldiler.

Tramp Orsýetiň agentleriniň Demokratik partiýasynyň elektron hatlarynyň üstüni açandygyny, emma Orsýetiň goşulyşmagynyň 2016-njy ýylyň saýlawlaryna hiç täsir ýetirmändigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG