Sepleriň elýeterliligi

“Saglyk aýy” üçin “mejbury salgytlar toplanýar”


Sport lybaslary çärelerden soň, yzyna toplanyp alynýar.

Türkmenistanda döwlet edaralarynyň, hususan-da nebit-gaz pudagynyň işgärlerinden, köpçülikleýin sport çärelerine gatnaşyjylara ýörite lybaslary almak üçin, mejbury ýagdaýda pul serişdeleri toplanýar.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanlylar özlerine 20 manat möçberinde “pul salgydynyň” salnandygyny aýdyp, bularyň tutuş aprel aýy boýunça “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda geçirilýän, döwlet mediasynyň-da ýazga alýan çärelerine gatnaşýanlara sport lybaslaryny almak üçin niýetlenendigini gürrüň berdiler.

“Bu barada bize apreliň başynda duýdurdylar we eçen hepdäniň ahyrynda hem ‘çärelere gatnaşýan işgärler üçin 300 manatlyk sport lybaslaryny almaly’ diýip, pullary nagt toplap aldylar” diýip, Balkanyň Gumdag şäherindäki Nebit çykarýan müdirliginiň Abatlaýyş tehniki zawodynyň hünärmenleriniň biri aýdýar.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň agzalmagyny islemedik işgär aslynda özleriniň bu çärä gatnaşmaýandyklaryny, başgalaryň lybaslary üçin hem maliýe çykarmak islegleriniň ýokdugyny aýdyp, nägileliklerini bildirseler; edara ýolbaşçylarynyň olara haýbat atýandygyny-da gürrüň berdiler.

“Siz näme döwlet syýasatyna garşymy? Bu ýyl ‘Sagdynlyk hem ruhubelentlik’ şygary astynda geçýär, şol sebäpli-de döwlet çärelerine goşant goşmagyňyz siziň raýatlyk borjuňyzdyr’ diýip haýbat atýarlar, utandyrjak bolýarlar” diýip, Gumdagyň Abatlaýyş tehniki zawodynyň hünärmeni nygtap geçdi.

Galyberse-de, köpçülikleýin çärelere gatnaşdyrylýanlara – beýleki işgärleriň hasabyna alnan ýörite sport lybaslary çärelerden soň, yzyna toplanyp alynýar. Ýagny, sport egin-eşikleri geljek ýyl geçiriljek “Sport aýy” üçin, edaranyň özünde saklanylýar.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň beýleki döwlet edaralarynda hem “Saglyk aýy” mynasybetli geçirilýän çäreler üçin egin-eşikleri, tigirleri (welosipedleri) almak üçin mejbury pul serişdeleriniň toplanýandygy dogrusynda maglumatlar gelip gowuşýar.

Sözüň gerdişine görä bellesek, türkmenistanly býujet işgärlerine girizilen “mejbury salgytlar” dogrusynda, türkmen mediasynda kelam agyz söz aýdylmaýar.

Bu aralykda, ýokardakylar türkmen häkimiýetleriniň döwlet işgärleriniň aýlyklarynyň ýa-da biznes üsti bilen eden gazançlarynyň bir bölegini döwletiň haýryna geçirmäge mejbur eden ilkinji ýagdaýy däldir.

Türkmen hökümeti esasan şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek “Aziada-2017” oýunlary üçin alynýan bu pul serişdelerini “meýletin gatanç” diýip, atlandyrsa-da; raýatlar munuň mejburylykdygyny, has-da harytlaryň bahalarynyň galmagy fonunda, özleriniň gün-güzeranyna ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG