Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Rahmonyň ogly Duşenbäniň häkimi wezipesini pugtalandyrdy


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň uly ogly Rustam Emomali

Täjigistanyň saýlaw resmileri prezident Emomali Rahmonyň uly ogly Rustam Emomaliniň Duşenbäniň şäher kanun çykaryjy edarasynda orna eýe bolandygyny aýtdylar.

Duşenbäniň şäher saýlaw komissiýasynyň 3-nji aprelde aýtmagyna görä, ýanwar aýynda öz kakasy tarapyndan paýtagtyň häkimi wezipesine bellenen Rustam Emomali 2-nji aprelde geçirilen saýlawlarda sesleriň tas 85% toplapdyr.

Rustam Emomali uzak wagtlap Duşenbäniň häkimi wezipesinde bolan we fewral aýynda şäher parlamentindäki ornundan çekilen Mahmadsaid Ubaidulloýewi çalyşdy.

Täjigistana 1992-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýän prezident Rahmonyň ýakyn garyndaşlarynyň ençemesi ýokary wezipeleri eýeleýärler ýa-da biznese gözegçilik edýärler.

XS
SM
MD
LG