Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan Sankt Peterburgdaky partlama jogapkär bolmakda güman edilýäniň orsýet raýatydygyny aýdýar


3-nji aprelde Sankt Peterburgyň metrosynda bolan partlamadan soň megapolisonline.ru we VKontakte (VK) sosial ulgamlarynda çap bolan suratlar

Gyrgyzystanyň döwlet howpsuzlygy gullygy Sankt Peterburgyň metrosynda bolan partlamada esasy günäkär bolmakda güman edilýäniň Gyrgyzystanda doglan orsýet raýatydygyny aýdýar.

Döwlet howpsuzlygy gullygynyň metbugat wekili Rahat Sulaýmanow bombaçy bolmakda güman edilýän Akbarjon Jalilowyň Gyrgyzystanyň Oş regionynda 1995-nji ýylda doglandygyny 4-nji aprelde mälim etdi.

3-nji aprelde Sankt Peterburgyň metrosynda bolan bomba partlamasynda azyndan 11 adamyň wepat bolandygy we 51 adamyň ýaralanandygy habar berlipdi. 4-nji aprelde Orsýetiň saglyk ministri partlamada wepat bolanlaryň sanynyň 14 adama ýetendigini aýtdy.

Partlamanyň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Partlamanyň bolan wagty Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Sankt Peterburgda bolan wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG