Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka Belarusyň we Orsýetiň arasynda dartgynlylygyň gowşamagyna umyt baglady


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka (s) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç), Sankt Peterburg, 3-nji aprel, 2017
Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka (s) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç), Sankt Peterburg, 3-nji aprel, 2017

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka Orsýet bilen energiýa dawasynyň çözülmeginiň Moskwa bilen dartgynlyklary gowşadyp, demonstrasiýalary başdan geçirýän öz ýurduna durnuklylyk getirip biljegine umyt baglaýandygyny aýtdy.

“Biz görýäris öz daşymyzda nämeleriň bolup geçýändigini we biz Orsýetiň hem Belarusyň durnuklylygyny saklamak isleýäris” diýip, Lukaşenka 3-nji aprelde aýtdy.

Iki ýurduň arasyndaky barlyşyga Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkanyň we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda Sankt Peterburg şäherinde geçirilen gepleşiklerde gelindi.

Putin hökümetiň gelnen ylalaşyň detallaryny 10 günüň dowamynda jemläp, ýurtlaryň arasynda 2020-nji ýyla çenli energiýa hyzmatdaşlygy baradaky dokumentiň mazmunyna goşjakdygyny aýtdy.

Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Arkadiý Dworkowiçiň aýtmagyna görä, taraplar Belarusyň orsýet gazy üçin bergisiniň hasabyna ýylda 726 million dollar tölemegi, Orsýetiň Belarusa gaz akdyrmagyny dikeltmegi barada ylalaşypdyr.

Şeýle-de, Dworkowiç Belarusyň Orsýete ýylda 24 million tonna nebit akdyrjagyny aýtdy.

Orsýetiň Gazprom kompaniýasy Belarusa 2018-nji we 2019-njy ýyllarda akdyrjak gazy üçin käbir ýeňillikleri döreder.

Belarusyň ykdysady kynçylyklary ýurdy 25 ýyla golaý wagt bäri dolandyrýan prezident Lukaşenka garşy protestleri tutaşdyrdy. Häkimiýetleriň köçe protestlerine basyş görkezmegi Ýewropa Bileleşiginiň Minsk babatynda bir ýyl mundan ozal ýatyran sanksiýalaryny gaýtadan dikeltmeginiň töwekgelçiligini artdyrdy.

Orsýet hem köçe protestlerini basyp ýatyrmagy sebäpli halkara derejesinde tankyt edilýär.

XS
SM
MD
LG