Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan, Özbegistan özara serhedini kesgitlemek boýunça gepleşiklere gaýtadan girişdiler


Türkmenistanyň we Öbegistanyň arasyndaky serhet geçelgesi

Daşkentde hökümetara komissiýasynyň türkmen-özbek serhedini kesgitlemek boýunça maslahaty geçirildi.

Türkmen-özbek döwlet serhedini kesgitlemek boýunça gepleşikler prosesiniň dikeldilendigini Özbegistanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, media serişdeleri habar berdi.

Şeýle-de, habar berlişine görä, 27-30-njy martda Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet serhetlerini kesgitlemek boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümet komissiýasynyň işçi toparlarynyň duşuşygy bolupdyr. Duşuşygyň netijesinde 2017-nji ýyl boýunça gepleşikleriň plany kesgitlendi, diýip media maglumatlarynda aýdyldy.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda baglaşylan özara döwlet serhedini kesgitlemek barada ikitaraplaýyn ylalaşyga 2000-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda gol çekilipdi.

Uzynlygy 1500 kilometrlik türkmen-özbek serhedini kesgitlemek boýunça geçirilen resmi çäreleriň netijesinde 2010-njy ýyldan bäri ýüzlerçe ýaşaýyş jaýyň ýumrulandygy we käbir obalaryň göçürilendigi, käbir ýaşaýjylara kompensasiýa berilmändigi barada habar berilipdi.

XS
SM
MD
LG