Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Sankt Peterburgdaky partlama sebäpli Putine gynanç bildirdi


Sankt Peterburgyň metrosynyň “Tehnologiçeskiý institut” stansiýasy, 4-nji aprel, 2017.

Türkmenistanyň prezidenti 3-nji aprelde Sankt Peterburgda bolan adam pidaly partlama bilen baglylykda Orsýetiň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi, diýlip prezidentiň metbugat gullugyna salgylanyp, habar berildi.

Sankt Peterburgyň metrosynda “Sennaýa ploşad” we “Tehnologiçeskiý institut” stansiýalarynda 3-nji aprelde bolan partlama zerarly azyndan 14 adam wepat boldy we onlarça adam ýaralandy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň 3-nji aprelde partlamanyň bolan ýerine baryp, pidalaryň hatyrasyna gül goýandygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG