Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň LDPR partiýasynyň lideri Žirinowskiý Türkmenistana sapar eder


Orsýetiň liberal demokratik partiýasynyň (LDPR) lideri Wladimir Žirinowskiý

Orsýetiň liberal demokratik partiýasynyň (LDPR) resmi topary öz lideri Wladimir Žirinowskiniň ýolbaşçylygynda 6-njy aprelde Türkmenistana sapar eder.

Žirinowskiniň türkmen parlamenti - Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewanyň çakylygy boýunça geçirjek bu saparynyň dowamynda “Aziýada – 2017: Halkara hyzmatdaşlygy parahatçylygyň we ösüşiň haýyryna” atly kongresse gatnaşmagy planlaşdyrýandygy, resmi toparyň Türkmenbaşy şäherinde, kongressiň geçiriljek ýeriniň golaýynda ýerleşdiriljekdigi media maglumatlarynda habar berilýär.

LDPR-iň lideri Žirinowskiý dürli ýyllarda postsowet ýurtlarynyň birnäçesinde islenilmeýän şahs diýlip yglan edildi.

Žirinowskiniň Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gazagystanda 2005-nji ýylda, Gyrgyzystanda 2013-nji ýylda islenilmeýän şahs yglan edilmegine onuň, ýurtlar babatynda eden çykyşlarynyň kemsidiji diýlip kabul edilmegi sebäp bolupdy.

XS
SM
MD
LG