Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Döwlet telekanallaryna tomaşa etmek mümkinçiligi çäklendi


Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telekanaly.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telekanaly.

Türkmenistanyň käbir ýaşaýjylary döwlet eýeçiligindäki telekanallaryň gepleşiklerine indi dört gün bäri tomaşa edip bilmeýärler. Bu waka Türkmenistanyň 1-nji aprelden başlap, öz telegepleşiklerini “TürkmenÄlem52E” atly öz emeli hemrasy arkaly berip başlajakdygy barada media maglumatlarynda habar berilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň we käbir paýtagtlylaryň berýän maglumatyna görä, häzirki wagt “Türkmentelekomyň” kabel telewideniýesi arkaly berilýän “Ýamal” emeli hemrasynyň gepleşiklerinden Türkmenistanyň ýedi telekanalyna tomaşa etjek bolanyňda, onda rus dilinde “şu telekanalda aragatnaşyk ýokdur” diýlen ýazgy peýda bolýar.

Şol bir wagtda, “TürkmenÄlem52E” atly emeli hemranyň satellit signallaryndan peýdalanýan käbir ýaşaýjylar Türkmenistanyň gepleşiklerine öňküsi ýaly tomaşa edip bilýändiklerini gürrüň berdiler.

Täze týuner

Ýerli ýaşaýjylaryň käbirleri Türkmenistanyň telegepleşikleriniň doly görnüşde täze emeli hemra geçirilendigini, näsazlyklaryň sebäpleri barada maglumat almak üçin “Türkmentelekomyň” baş edarasyna jaň edenlerinde bilip galandyklaryny gürrüň berdiler.

“Telegepleşikleriň ‘Ýamal’ satellitinden ‘TürkmenÄlem52E” satellitine geçiriljekdigi barada döwlet derejesinde resmi bildiriş edilmedi, gazet-žurnallarda-da çap edilmedi. Muny diňe telekanallar öçürilenden soň, ‘Türkmentelekoma’ jaň edenimizde bilip galdyk” diýip, özüni Durdymyrat diýip tanyşdyran Aşgabadyň ýaşaýjysy aýtdy.

Aşgabatda ýaşaýan synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň aýtmagyna görä, “Türkmentelekomyň” jogapkär işgärleri Türkmenistanyň döwlet telekanallaryna tomaşa etmek üçin “ýene birnäçe wagt garaşmagy” ýa-da satellit signallaryny kabul ediji täze týuner satyn almagy maslahat berýärler.

Onuň sözlerine görä, “TürkmenÄlem52E” emeli hemrasyna niýetlenen týuneriň bahasy ortaça 100-150 amerikan dollaryna barabar.

Owgan telekanallary

Bu aralykda, döwlet mediasy 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan Falkon-9 raketa göteriji arkaly kosmosa uçurylan “TürkmenÄlem 52E” sputnigine owgan kanallarynyň hem goşulandygyny mälim etdi.

Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şaýymerdanguly Myrady “TürkmenÄlem 52E” sputnigi arkaly “Tolo HD”, “Lemar”, “Tolo News”, “Shemshat”, “Hurşid” we başga-da birnäçe owgan telekanallaryna tomaşa edip bolýandygyny tassyklady.

2015-nji ýylyň iýun aýynda türkmen mediasy Türkmenistanyň ilkinji telearagatnaşyk emeli hemrasynyň orbitada öz ornuny tutup, türkmen döwlet telekanallaryny görkezmäge taýýardygyny habar beripdi.

Türkmenistan “TürkmenÄlem 52E” emeli hemrasynyň signallaryny tutuş Merkezi Aziýada, Eýranda, Türkiýede, Demirgazyk Afrikada we Ýewropanyň uly böleginde tutup boljakdygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG