Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sankt Peterburg hüjüminiň şübhelisi 'Gyrgyzystanda doglan ors raýaty'


Sankt Peterburgdaky metronyň gapdalyna gül goýan zenan.
Sankt Peterburgdaky metronyň gapdalyna gül goýan zenan.

Sankt Peterburgyň metrosynda bolan partlamada ölenleriň sany 14-e ýetdi. Gyrgyz häkimiýetleri esasy jogapkär diýip güman edilýäniň Gyrgyzystanda doglan ors raýatydygyny aýdýarlar.

Orsýetiň saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili Weronika Skwortsowa partlamada ölenleriň täze sanyny berip, 11 adamyň wakanyň bolan ýerinde, bir adamyň tiz kömek maşynynda, iki adamyň hem keselhanada aradan çykandygyny aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, partlamada ýaralanan 49 adam häzir keselhanada ýatyr.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň metbugat wekili Rahat Suleýmanow esasy jogapkär diýip güman edilýän 1995-nji ýylda Oş regionynda doglan Orsýetiň raýaty Akbarjon Jelilow diýdi.

Suleýmanow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Jelilowyň bu işde eliniň bardygy hakda howpsuzlyk gullugyna “Orsýet tarapdan “ maglumat gelip gowşandygyny belledi.

Partlama geçen üç ýyldan gowrak wagt bäri Orsýetde bolan ilkinji uly hüjüm bolup durýar. Ol prezident Wladimir Putiniň öz dogduk şäheri Sankt Peterburgda Belarusyň prezidenti bilen duşuşan mahalynda boldy.

Ors häkimiýetleri partlamanyň terroristik hüjümdigini aýdýarlar, ýöne onuň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan topar ýok. Gyrgyzystanyň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan berlen beýanat barada hem ors häkimiýetleri tarapyndan maglumat berlenok.

Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygynyň orunbasary Nurgali Bilisbekow hökümet ýygnagynda öňki Sowet Soýuzynyň musulman respublikalaryndan bolan bir ors raýatynyň partlamada eli bar diýip güman edilýändigini aýtdy.

Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň döwlet howpsuzlyk gulluklary alnyp barylýan barlaglar barada özleriniň Orsýetiň howpsuzlyk gulluklary bilen bile işleşýändiklerini aýtdylar.

Orsýetiň Milli anti-terrorizm komiteti hem terror hüjümini gurnanlar we oňa gatnaşanlar hakda barlag geçirýändigini bildirdi.

Häkimiýetler Orsýetiň ikinji uly şäheri bolan Sankt Peterburgda üç günlük ýas yglan etdiler.

3-nji aprelde partlamadan bir sagat çemesi soňra prezident Alýaksandr Lukaşenko bilen gepleşige oturulanda Putin pida bolanlaryň we ýaralananlaryň ýakynlaryna gynanç bildirdi.

Ol bolan wakanyň anygyna ýetmek üçin kanun goraýjy gulluklar we ýörite gulluklar iş alyp barýarlar diýdi.

Putin Lukaşenko bilen ençeme sagada çeken gepleşigi tamamlap, başga beýanat bermän, garaňky düşeninden soňra metro stansiýasyna gelip, daşarda gül goýup gitdi.

4-nji aprelde gyrgyz kärdeşi Erlan Abdyldaýew bilen duşuşan Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow terrorizme garşy halkara hyzmatdaşlygynyň artdyrylmagyna çagyryp: “Men öz gyrgyz dostlarymyza we ýaranlarymyza ýigrenji terror hüjümçiligi bilen baglylykda bildiren raýdaşlyklary üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirmek isleýärin” diýdi.

Ol: “Men munuň şere garşy göreş baradaky tagallalary artdyrmagyň möhümdigini ýene bir gezek görkezendigine berk ynanýaryn” diýdi.

Dünýä liderleri gynanç we raýdaşlyk bildirdiler. Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi “wagşylarça we namart hüjümi” berk ýazgardy.

Ak tam hem 3-nji aprelde giçlik prezident Donald Trampyň Putin bilen telefonda gürleşip, oňa

“hüjüme jogap bermekde we jogäpkärleri adalat öňüne getirmekde Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň doly goldawyny” teklip edendigini aýtdy.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow: “Terrorizmiň aýgytly we çalt ýeňilmegi hakda Tramp bilen prezident Putin ylalaşdylar” diýdi.

Tramp 2016-njy ýylda saýlaw kampaniýasynyň dowamynda özüniň Moskwa bilen dartgynlaşan gatnaşyklary dikeltmäge synanyşjakdygyny aýdyp, “Yslam döwletine” we beýleki ekstremistik toparlara garşy göreşde iki ýurt has ýakynrak hyzmatdaşlyk eder diýip umyt edýändigini bildirdi.

Tramp bilen Putiniň arasynda ýanwar aýynyň aýaklarynda geçen telefon gepleşiginde-de esasy tema terrorizme garşy göreş boldy. Ýöne artdyrylan hyzmatdaşlyk barada görnüp duran zatlar köp däl.

Peskow Trampyň partlamadan ýitgi çeken maşgalalara “çuňňur gynanç bildirendigini” aýtdy.

“Interfaks” habar gullugynyň bildirmegine görä, häkimiýetler partlaýjy enjamy radikal yslam bilen ilteşiklidigi bilinýän bir 23 ýaşly öňki sowet orta aziýalynyň öz arka haltasynda metro getirendigine ynanýarlar.

“TASS” habar gullugynyň aýtmagyna görä, patlamada bir aýalyň hem eliniň bolmagy mümkin.

Partlamadan takmynan iki sagat soňra başga bir metro stansiýasynda-da partlaýjy enjam tapyldy. Ýöne bomba ekspertleri ony zyýansyzlandyrdylar.

Orsýetiň saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili Weronika Skwortsowanyň 4-nji aprelde aýtmagyna görä, ýaralananlaryň dördüsiniň ýagdaýy agyr.

Bu partlama ozal Moskwada metroda we otluda, şeýle hem Orsýetiň başga ýerlerinde awtobuslarda bolan ýaramaz hüjümleri ýatlatdy.

Sankt Peterburgly Natalýa Kirillowa özüniň partlama bolan wagonyň ýanyndaky wagonda oturandygyny aýdýar. Ol “gulagyňy ýaryp barýan” partlama oturan adamlary iki gapdala taşlady, metro indiki stansiýa tarap öz ýoluny dowam etdirdi. Gapylar ýapyk bolany üçin adamlar penjireler dyrmaşdylar diýip gürrüň berýär.

Kirillowa soňra hem “köpsanly adamlaryň ýerde ýatayny” görüpdir.

Geçen 20 ýyllykda Orsýetiň dürli şäherlerinde bombaly hüjümler amala aşyryldy. Bularyň köpüsinde hem jogäpkär edilen ýa jogäpkärçiligi öz üstüne alan çeçenler ýa-da musulman ilatly demirgazyk kawkazyň beýleki regionlaryna degişli adamlar boldy.

Orsýetiň metro sistemasynda bolan iň agyr soňky hüjüm 2010-njy ýylyň martynda Moskwada amala aşyryldy. Şonda iki stansiýada bolan partlamada azyndan 33 adam öldi.

Sankt Peterburgda ozal bolan bir uly hüjüm ýok.

XS
SM
MD
LG