Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hijap mugallymlara bolýar, okuwçylara bolmaýar


Arhiwden bir surat
Arhiwden bir surat

Mordowiýanyň Romadanowsk etrap kazyýeti Belozere şäherindäki orta mekdebiň mugallymlarynyň hijap gadaganlygynyň ýatyrylmagy baradaky arzasyny ýerlikli kabul edipdir.

"Mk.ru" atly internet sahypasynyň ýazmagyna görä, munuň bilen baglanyşykly maglumaty olaryň wekili Ruslan Nakiýew özüniň sosial ulgamdaky sahypasynyň üsti bilen ýaýradypdyr.

Wekiliň sözlerinden çen tutulsa, kazyýet hijap geýýändigi sebäpli mugallymlara berlen duýduryşlary ýatyrýar. Ýöne olaryň çekilen maddy ýitginiň öwezine soran 5 müň rubl pul tölegini bolsa red edýär.

Ruslan Nagiýew we Leýla Abdraşitowa
Ruslan Nagiýew we Leýla Abdraşitowa

Çeşmäniň ýazmagyna görä, Mordowiýada hijap meselesi Russiýanyň bilim ministri Olga Wasilýewa bilen Çeçenistanyň baştutany Ramzan Kadyrowyň arasynda jedelleşige sebäp bolýar.

Ýatlap geçsek, Russiýanyň ýokary kazyýeti mundan owal mekdeplere dini geýimler we baş atgyçlar bilen barylmagynyň gadagan edilmegini kanuny hasaplapdy.

Bilim ministri Olga Wasilýewanyň pikrine görä hem, orta mekdeplerde hijap bolmaly däldir.

Olga Wasilýewa
Olga Wasilýewa

Çeçenistantanyň prezidenti Ramzan Kadyrow bolsa, derrew ministriň aýdan sözlerine garşy çykyp, öz gyzlarynyň hiç wagt mekdepde hijaby çykarmajagyny nygtapdyr.

Mordowiýanyň Belozere şäherinde esasan tatarlar ýaşaýar. Şäheriň magaryf bölümi geçen ýylyň dekabr aýynda, mugallymlaryň mekdebe hijaply barmagyny gadagan edýär.

Mordowiýada gyzlaryň mekdebe hijaply gitmegi hem 2014-nji ýyldan bäri gadagandyr.

Belozere şäheriniň ýaşaýjylary mesele barada kazyýete ýüz tutanam bolsa, olar ahyrynda utuldylar.

Psiholog Lýudmila Poderinanyň pikrine görä, häzirki wagtda bu şäheriň mekdeplerinde okuwçy gyzlaryň hijap geýmegini gadagan edip, mugallymlara bolsa rugsat bermek ýaşlaryň terbiýelenmegi taýdan oňaýly bir ýagdaý däl.

"Näme üçin mugallymlara bolýar, ýöne okuwçylara bolmaýar? Men mekdeplerde musulmanlara bolan hijap kadasynyň okuw jaýyndaky hemmeler üçin birmeňzeş görnüşde bolmalydygyny hasap edýärin" diýip, ol öz pikrini beýan edýär.

XS
SM
MD
LG