Sepleriň elýeterliligi

Depressiýa soňky 10 ýylda 18 prosent ýokarlandy


Illýustrasiýa

Depressiýa dünýädäki keselleriň we şikesleriň esasy gözbaş alýan sebäpleriniň biri saýylýar. Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) 30-njy martda çap eden beýannamasynda aýdylşyna görä, dünýäde 300 milliondan köp adam depressiýadan ejir çekýär.

Bu maglumaty "Reuters" habar gullugy halk köpçüligine ýetirýär.

2005-nji ýyldan bäri adamlaryň depressiýa ýagdaýy ýüzden 18 göterimden gowrak derejede ýokarlanypdyr. Geçirilen barlaglar adamlaryň ruhy sagdynlyk üçin gerek bolan goldawy almaýandygyny, depressiýadakylaryň jemgyýetde kemsinmejek bolup ýagdaýyny belli etmän, bejergi almakdan gaça durýandygyny, munuň netijesinde olaryň sagdyn hem bagtyýar ýaşap bilmeýändigini görkezýär.

"Gel, gürleşeli!"

"Bu täze görkezijiler aslynda ähli ýurtlar üçin bir möhüm çagyryş aýratynlygyna eýedir. Olar ruhy sagdynlyga berilýän ähmiýete täzeden garamaly. Oňa gerek bolan ähmiýeti bermelidir" diýip, Bütindünýa saglyk guramasynyň baş müdiri Margaret Çan Ženewadan bildirýär.

Häzirki wagtda Bütindünýä saglyk guramasy "Depressiýa: Gel, gürleşeli!" atly bir tagalla alyp barýar. Şeýle tagalla bilen depressiýa garşy çynlakaý göreşmek ugrunda, kemsinmejek bolup öz ýagdaýyny aýtmakdan gaça durýanlara we nädogry garaýyşy bolan adamlara kömek edilmäge synanyşylýar.

"Depressiýa duçar bolan bir adamyň ynamdar adamy bilen gürleşmegi aslynda bejergi üçin öz-özünden ädilýän ilkinji oňaýly ädimdir" diýip, Bütindünýä saglyk guramasynyň Ruhy sagdynlyk bölüminiň müdiri Şehar Saksena belleýär.

Ruhy hassalyk bolan depressiýanyň esasy alamatlary bolsa hemişe lapyň keç bolmagy, gündelik durmuşa ünsüň sowamagy we iş ukybynyň hem diýseň pese gaçmagy ýaly ýagdaýlardyr.

Häzirki döwürde dünýäde 322 million adam depressiýadan ejir çekýär.

Keseller

Depressiýa birnäçe aýylganç kesele we näsazlyga hem sebäp bolýar. Neşebentlik, öz janyňa kast etmek, süýji keseli (diabet) we ýürek agyry keseli depressiýanyň täsirinden döreýän esasy keselleriniň başyny çekýär. Bu keseller hem şol bir wagtyň özünde dünýädäki ölümleriň esasy sebäplerini emele getirýändir.

Bütindünýä saglyk guramasy köp ýurtda ruhy saglygy bozulan adamlara berilýän goldawyň göwnejaý däldiginden ýa-da hiç berilmeýändiginden nägiledir. Ösen ýurtlarda depressiýa duçar bolanlaryň takmynan ýarysy bejergi alýar. Hökümetler saglygy saklaýyş býujetiniň ortaça ýüzden 3 göterimini ruhy keseli bolanlara gönükdirýärler. Barly bolmadyk ýurtlarda bu görkeziji ýüzden 1 göterimden hem pesdedir. Barly ýurtlarda bolsa bu ýüzden 5 göterimdir.

Saksena: "Depressiýa we ony nähili bejerip bolýandygyna ýagşy düşünmek zerurdyr(...). bu göreşiň diňe başlangyjydyr. Ondan soň ýurduň çet-gyralarynda ýaşaýan adamlara ruhy bejergi mümkinçilikleri elýeterli ýagdaýa getirilmelidir" diýip nygtaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG