Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti 12-nji aprelde Gazagystana döwlet sapary bilen barar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji aprelde Gazagystana döwlet sapary bilen barjakdygyny Gazagystanyň daşary işler ministri Kaýrat Abdrahmanowa salgylanyp, “Sputnik” neşri habar berdi.

“Özbegistanyň prezidenti netijeli sapar bilen ýurdumyza gelip gitdi... Tiz wagtda Türkmenistanyň prezidenti geler, döwlet sapary Astana amala aşyrylar” diýip, neşir Gazagystanyň daşary işler ministrini sitirledi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystana sapar etmek plany barada 14-nji fewralda habar berlipdi. Media maglumatlarynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň prezidentleriniň arasynda geçirilen telefon gepleşiklerinde Berdimuhamedowyň Nazarbaýewiň çakylygyny kabul edendigi mälim edilipdi.

Mundan öň Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Gazagystana döwlet sapary bilen 2013-nji ýylyň 10-11-njy maýynda barypdy. Ondan soň Türkmenistanyň prezidentiniň Gazagystana sapar etmeginiň planlaşdyrýandygy 2015-nji ýylyň 23-nji aprelinde habar berilipdi.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Türkmenistana 2014-nji ýylyň 2-nji dekabrynda sapar etdi.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 27-nji awgustynda ýola goýuldy.

XS
SM
MD
LG