Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sankt Peterburgda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň alty raýaty tutuldy


Sankt Peterburgyň "Tehnologiýa instituty" atly metro stansiýasynyň girelgesi, 3-nji aprel, 2017.
Sankt Peterburgyň "Tehnologiýa instituty" atly metro stansiýasynyň girelgesi, 3-nji aprel, 2017.

Orsýetiň Derňew komiteti Sankt Peterburgda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň alty raýatynyň yslamçy söweşiji topara goşulmaga ündew etmekde güman edilip, tussag edilendigini habar berdi.

Komitetiň aýtmagyna görä, tussag edilenleriň bomba partlamasyna günäkär bolmakda güman edilýän Akbarjon Jalilow bilen gatnaşygynyň bolmagyna hiç hili subutnama ýok.

Orsýetiň häkimiýetleri Sakt Peterburgyň metrosynda bolan bomba partlamasyna günäkär bolmakda güman edilýän Jalilowyň ýaşaýan ýerinde barlag geçirendigini we 40 çemesi adamy soraga çekendigini aýtdylar.

Federal derňew komitetiniň 5-nji aprelde irden çap eden beýannamasyna görä, kameralar Jalilowyň binany eli sumkaly we torbaly çykandygyny surata düşüripdir.

4-nji aprelde komitet 22 ýaşly Jalilowyň bir gün öň Sankt Peterburgyň metrosynda bombany partladandygyny anyklandygyny aýtdy.

Jalilowyň Gyrgyzystanyň Oş regionynda ýaşaýan ene-atasy Sankt Peterburga baryp, 4-nji aprelde gyrgyz häkimiýetleri tarapyndan sorag edildi.

Bombaçy bolmakda güman edilýän Jalilowyň ejesi Odinahon “men ynanmaýaryn” diýip, Sankt Peterburgyň aeroportunda žurnalistlere aýtdy.

XS
SM
MD
LG