Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Freedom House: Türkmenistan iň azat däl ýurtlaryň hatarynda galýar


Berdimuhamedow inagurasiýa dabarasynda, 14-nji fewral, 2017
Berdimuhamedow inagurasiýa dabarasynda, 14-nji fewral, 2017

Halkara “Freedom Hous” guramasynyň nobatdaky ýyllyk hasabatynda aýdylmagyna görä, ozalky sosialistik bloga girýän ýurtlaryň arasynda Türkmenistan bilen Özbegistan iň azat däl ýurtlaryň hatarynda galýar.

2016-njy ýylda syn edilen 29 ýurduň içinde 18 ýurtda demokratiýanyň ýagdaýy ýaramazlaşypdyr, 6 ýurduň bu ugurdaky görkezijileri gowulanan bolsa, 5 ýurt ozalky ýagdaýynda galypdyr.

“Freedom Hous” - “Azatlyk öýi” guramasy ýurtlardaky ýagdaýy ýedi görkeziji esasynda – 0-dan 7 balla çenli baha bilen kesgitleýär, ýagny 0 - demokratiýanyň iň ýokary derejesini, 7 - iň pes derejesini aňladýar. Bu görkezijiler boýunça analitikler iň ýaramaz bahalary, azatlygyň iň ýaramaz ýurtlary hökmünde,Özbegistan bilen Türkmenistana berdiler, olaryň ikisi-de 6,96 ball aldy. Ozalky sosialistik blokda iň azat ýurt diýen derejäni Estoniýa aldy.

Täze hasabatda, döwletiň ýerli ýagdaýdaky iň bir ownuk parahorçulykdan häkimiýetiň ýokary gatlaklaryndaky harçlamalara çenli öz eline geçirmegi we prezidentiň maşgalasy bilen bagly garyndaşparazlyk barada täze subutnamalaryň ýüze çykmagy netijesinde, Türkmenistana berilýän korrupsiýa derejesi hem ýaramazlaşdy, ýagny ozal 6,75 bolanlygyndan 7.00 ball boldy.

Netijede, Türkmenistana berilýän demokratiýa derejesi hem geçen ýyldakysyndan ýaramazlaşdy, ýagny 6.93 bolanlygyndan 6.96-a galdy.

Hasabatda Türkmenistanyň tutuşlygyna awtoritar, tebigy serişdelerden gelýän girdejileri syýasy agalygy hem-de durmuşyň ähli gatlagyna aralaşýan howpsuzlyk gulluklaryny maliýeleşdirmäge harçlaýan režim tarapyndan dolandyrylýan döwletdigi bellenilýär.

“Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende, özüni reformaçy, daşary ýurt hökümetleri bilen gatnaşyklary gowulandyrýan adam hökmünde görkezmäge çalyşdy” diýip, hasabatda başda syýasy liberallaşma, adam hukuklary we bazar ykdysadyýeti barada gürrüň edilendigi, kanunlaryň kabul edilendigi bellenilýär.

Hasabatyň awtorlaryBerdimuhamedowyň türkmen döwletiniň örän ýaşdygy, türkmen halkynyň kesgin syýasy özgerişlikleriň hötdesinden gelmäge taýýar däldigi we syýasy-ykdysady liberallaşma tarap ýuwaş-ýuwaşdan gitmelidigi barada aýdan sözlerini hem ýatladýarlar.

“Şol bir wagtda režim, pikirini açyk aýdýan aktiwistleri türmä basmak, düşewüntli hökümet we biznes orunlaryny prezident maşgalasynyň ygtyýaryna geçirmek arkaly, esasy adam hukuklaryny basgylamagyny dowam etdirdi” diýip, hasabatda aýdylýar.

“Azatlyk öýiniň” ekspertleriniň pikirine görä, prezident Berdimuhamedow 2016-njy ýylda ýurtda dörän agyr ykdysady krizise konstitusiýa düzedişleri arkaly özüniň we maşgala agzalarynyň guramaçylyk orunlaryny güýçlendirmek bilen jogap berdi. Ekspertler onuň prezidentlik möhletini bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaltmagyny, prezident üçin bellenen aňry ýaş çägini aýyrmagyny hem belläp geçýärler.

Şonuň bilen birlikde, hakykatda ömürlik prezidentlige ýol açýan özgerişliklere ýerli hem halkara tankydy gowşatmak üçin, Berdimuhamedow ýurtda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň – ombudsmeniň wezipesini döretdi diýip, hasabatda aýdylýar.

Bu wezipä ozal prezidentiň ýanyndaky Adam hukuklary we demokratiýa institutynyň müdiri bolup işlän, parlamentde adam hukuklary meselesi bilen meşgullanan Ýazdursyn Gurbannazarowanyň bellenmegi ýerli synçylary lapykeç etdi.

Olar Gurbannazarowanyň hiç wagt hukugy bozulan adamlary kabul etmändigini, hatda oňa bu meselede ýüz tutýanlaryň hem azdygyny, sebäbi hiç bir özgerişlige garaşmaýandyklaryny öňe sürdüler.

“Azatlyk öýi” guramasynyň hasabatynda türkmen prezidentiniň öz ogluny wezipe basgançaklarynda ösdürişi barada hem durlup geçilýär.

“2016-njy ýylda Berdimuhamedowyň ogly Serdar hem Daşary işler ministrliginde orunbasar wezipesine bellenildi, hem parlamente deputat saýlandy” diýip, hasabatyň awtorlary Türkmenistanda garyndaşparazlygyň täze bir zat däldigine, emma munuň prezidentlik syýasatynda täzelikdigine ünsi çekýärler.

Ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow şahsyýet kultuny gurdy, emma ol ýetimdi we öz ýeke ogluny wezipe basgançaklaryndan ýokary galdyrmady diýip, hasabatda bellenýär.

Berdimuhamedowyň awtoritar režiminiň durnuklylygy onuň döwlet resurslaryny syýasylaşdyrmagy hem-de olary syýasy bähbit üçin mobilizlemegi arkaly üpjün edilýär diýip, ekspertler pikir edýär.

Resurslardan gelýän girdejilere doly kontrollyk etmegi Berdimuhamedowa emeldarlary bitiren hyzmatlaryna, wezipe üstünliklerine garamazdan, yzygiderli işden boşatmak arkaly hökümet dolandyrmak mümkinçiligini berýär.

Emma muňa garamazdan, režimiň hemişe tebigy serişdelerden gelýän aňsat girdejini ulanmaga ýykgyn etmegi onuň çig mallaryň bahalarynyň üýtgemeginiň öňündäki gowuşgynsyzlygyny güýçlendirdi diýip, hasabatyň awtorlary dünýä bazarynda energiýa nyrhlarynyň peselmegi netijesinde türkmen ykdysadyýetiniň ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklaryny mysal getirýärler.

Şeýle-de hasabatda Türkmenistanda metbugat azatlygynyň düýpden ýokdugy, syýasy köpdürliligiň diňe kagyz ýüzünde bardygy aýdylýar.

2017-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlary garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda üç sany dürli syýasy partiýadan – Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler, Agrar partiýalaryndan dürli kandidatlaryň bäsleşige goşulan ilkinji saýlawy boldy, emma soňky iki partiýa dolandyryjy režime garşylykly deňagramlyk döretmek babatynda hiç bir rol oýnamaýar diýip, "Azatlyk öýi” guramasynyň hasabatynda

Türkmenistandaky köp partiýaly sistemanyň Berdimuhamedowyň režimine oppozisiýa mümkinçiligini bermeýändigi bellenilýär.

XS
SM
MD
LG