Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Senatorlar Lukaşenkadan protestçileri 'dessine' boşatmagy talap etdiler


Belarusda raýatlaryň protest çykyşy, Minsk, 25-nji mart, 2017.

ABŞ-nyň hiç bir partiýa degişli bolmadyk senatorlarynyň topary Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka ýüzlenip ýurduň gapma-garşylykly salgyt kanunyna we işsizlige garşy çykyş eden protestçilere basyş görkezmegine “uly aladalanma” bildirdiler we tussag edilenleri “dessine” boşatmagy talap etdiler.

Şeýle-de senatorlar 5-nji aprelde çap eden öz hatynda Orsýetiň şu ýyl Belarusyň territoriýasyny “prowokatiw uruş oýunlary” üçin ulanmagyna aladalanma bildirdiler.

Democratlar Riçard Durbin we Jeanne Şaheen respublikanlar Marko Rubio we John Makkeýn hata gol çekdiler.

Belarusda raýatlaryň ençemesi Lukaşenkanyň hökümetiniň kabul eden salgyt kanunyna garşylyk bildirip proteste çykdy. Hökümetiň protestçilere görekezen basyşynyň netijesinde onlarça protestçi tussag edildi.

XS
SM
MD
LG