Sepleriň elýeterliligi

Eýranda bolan ýertitreme Aşgabatda duýuldy


Eýranyň Maşad şäheriniň golaýynda bolan ýertitremäniň netijesi,Torbat Jam, 5-nji aprel, 2017

Eýranyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Maşhad şäherinde bolan 6.1 magnitudaly ýertitreme zerarly bir adamyň wepat bolandygy we ençeme adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Ýer sarsgynynyň Eýranyň ululygy boýunça ikinji şäherinden 80 kilometr uzaklykda 5-nji aprelde ýerli wagt bilen 10:40 bolandygyny ABŞ-nyň Geologiýa barlaglary guramasy (USGS) we eýran metbugaty habar berdi.

Döwlet mediasy Gyzyl haj guramasyna salgylanyp, bir adamyň Fariman şäheriniň golaýyndaky obada wepat bolandygyny habar berdi.

Internetde çap bolan suratlarda çat açan we ýumrulan binalar görkezildi. Tasnim habar agentligi käbir ýerlerde telefon liniýalaryň kesilendigini habar berdi.

Seýsmiki taýdan howply ýerde ýerleşýän Eýranda ýygy-ýygydan ýer yranýar.

2003-nji ýylda 6.6 magnitudaly ýertitreme zerarly 26 müň adam wepat bolupdy.

Soňky ýertitremäniň goňşy ýurtlara ýetiren täsiri barada dessine resmi maglumat bolmady.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň paýtagtynda 5-nji aprelde sagat 11:20 ýertitremäniň bolandygyny, adamlaryň ýaşaýyş jaýlardan we edara binalaryndan köçä çykyp, bir sagatlap daşarda garaşandygyny Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleri habar berdiler. Aşgabatda duýulan ýer sarsgynynyň merkeziniň Eýranda bolandygy bellendi.

XS
SM
MD
LG