Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sankt-Peterburgda alty merkezi aziýaly tutuldy


Güman edilýäniň ejesi Odinakhon Jalilowa “men bu işi onuň edendigine ynanmaýaryn” diýdi.
Güman edilýäniň ejesi Odinakhon Jalilowa “men bu işi onuň edendigine ynanmaýaryn” diýdi.

Rus häkimiýetleri Sankt-Peterburgda bolan partlama bilen baglylykda, yslamçy jeňçi toparlara nöker toplamakda güman edip, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan alty raýaty tussag edendiklerini aýdýarlar.

Federal derňew komiteti “edil häzirki wagtda” 5-nji aprelde tussag edilen adamlar bilen 3-nji aprelde, Gyrgyzystanda doglan we metro partlamasynda güman edilip tutulan adamyň arabaglanyşygyna hiç bir subutnamanyň ýokdugyny aýdýar.

Orsýetiň ikinji uly şäheriniň metrosynda bolan partlamada 14 adam ölüp, 50 çemesi adam ýaralandy.

Derňewçileriň çap eden beýanatynda tutulan merkezi aziýalylaryň Orsýete işlemek üçin gelendikleri aýdylýar. Şeýle-de beýanatda olaryň Merkezi Aziýadan bolan beýleki migrantlary “terror bilen bagly jenaýatlary amala aşyrmaga”, Orsýetde gadagan edilen ekstremist toparlara, şol sanda “Yslam döwleti” toparyna, “Al-Nusra Fronta” goşulmaga yrmakda güman edilýändigi aýdylýar.

Ýöne muňa garamazdan, beýanatda bellenmegine görä, häkimiýetler entek tussag edilenlere resmi aýyp bildirmek kararyna gelmändirler.

Metro partlamasynda güman edilýäniň Gyrgyzystanda doglan özbek Akbarjon Jalilow hökmünde kesgitlenmegi polisiýanyň merkezi aziýaly we kawkazly migrantlary nyşana alýan hereketlerinden gorky-howatyryň güýçlenmegine getirdi.

Derňew komiteti bu alty merkezi aziýalynyň Federal howpsuzlyk gullugy, Içeri işler ministrligi we Milli gwardiýa tarapyndan geçirilen bilelikdäki operasiýanyň çäginde tussag edilendiklerini aýtdy.

5-nji aprelde biraz öň çap edilen başga bir beýanatda aýdylmagyna görä,derňew komiteti Jalilowyň ýaşan jaýyny döküpdir we 40 çemesi şaýady soraga çekipdir.

Aýdylmagyna görä, onuň öýden eli sumkaly we arkasy goşhaltaly çykan pursaty gözegçilik kamerasynyň “nazaryna ilipdir”.

Derňew komiteti 4-nji aprelde Sank-Peterburgyň merkezinde, iki metro stansiýasynyň aralygynda metro wagonynda bir gün ozal partlan bombany 22 ýaşyndaky Jalilowyň ýarandygyny kesgitländigini, onuň jesediniň bölekleriniň wakanyň bolan ýerinden tapylandygyny aýtdy.

Orsýetiň iň ýokary derňew guramasy DNA subutnamasyna salgylanyp, Jalilowyň beýleki bombaly sumkany başga bir metro stansiýasynda ýerleşdirendigini aýtdy. Bu partlaýjy wagtynda bilnip, zyýansyzlandyryldy.

Jalilowyň Gyrgyzystanyň günorta şäheri Oşda ýaşaýan ene-atasy 4-nji aprelde gyrgyz häkimiýetleri tarapyndan sorag edildi we soňra ol ýerde uçarly Sankt-Peterburga ugradyldy.

Güman edilýäniň ejesi Odinakhon Jalilowa Sank-Peterburg aeroportynda žurnalistlere “men bu işi onuň edendigine ynanmaýaryn” diýdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 5-nji aprelde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň uly derejeli howpsuzlyk resmilerine metro partlamasy öňki sowet respublikalarynyň terrorizm howpy bilen ýüzbe-ýüz durandygyny görkezdi diýdi.

"Biz, her näçe gynansak-da, ýagdaýyň gowulaşmaýandygyny görýäris. Sankt-Peterburgda bolan betbagtçylykly hadysa munuň aýdyň tassyknamasy” diýip, Putin olar bilen Moskwada duşuşanda aýtdy.

"Biz özümiziň her bir ýurdumyzyň, hakykatda hemmesiniň terror hüjümleriniň mümkin bolan we potensial nyşanasydygyny bilýäris” diýip, ol aýtdy.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Putin bilen aýratynlykda duşuşyp, bu partlama biziň terrorizme garşy göreşde “bilelikde berk çäre görmelidigimizi ýene bir gezek yşarat edýär” diýdi.

XS
SM
MD
LG