Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Jaýlaryň eýwanlaryna açylmaýan penjireler oturdylýar


Aşgabatdaky köp gatly jaýlaryň biri.
Aşgabatdaky köp gatly jaýlaryň biri.

Aşgabatda olimpiýa şäherçesine tarap seredýän jaýlaryň eýwanlaryna hiç hili açylmaýan, hatda kiçi penjirelerini hem açyp bolmaýan äpişgeler oturdylýar.

Bu çäräniň paýtagtyň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň urundaky Parahat 2/1 etrapçasynyň 18,20,21-nji jaýlarynda we Parahat 2/2 etrapçasynyň 17,18,19,20-njy jaýlarynda indi iki gün bäri amala aşyrylýandygyny bu sebitiň ýaşaýjylary aýdýarlar.

“‘Fortuçkada’ ýok. Ýöne bitewi penjire oturdýarlar. Ony hiç hili açyp bolanok. Munuň netijesinde, jaý gurlanda göz öňünde tutulan howa çalşygy hem bozulýar” diýip, gürrüňi edilýän sebitde ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Ol Aşgabat şäher häkimliginiň işgärleri dört burçly we aýlaw görnüşdäki eýwanlara hiç hili açyp bolmaýan plastik äpişgeleri oturdýan mahaly, jaý eýelerinden razylyk hem almaýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Sökülen penjireleriň deregine täzesi oturdylýar

“Ýaşaýjylara “siziň balkonyňyza penjire oturtjakdyrys” diýip duýduranoklaram. Ýörite ýokary göteriji kran, ulag bilen penjiräni oturdyp gidýärler. Ýaşaýjy öýüň içinde bolsa, goh-galmagalyň sesine gelýär. Öýde adam bolmasa-da, öýüňde ýok mahalyň oturdyp gidýärler” diýip, Bugaýew belledi.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan 30 ýyl çemesi öň gurlan bu jaýlaryň eýwanlaryna ýaşaýjylar soňky onýyllykda plastik penjireler oturdypdylar. Ýöne Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy we Bitaraplygyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäreleriniň öňüsyrasynda, şol penjireler häkimiýetler tarapyndan sökülip aýrylypdy.

Mundan iki-üç ýyl öň sökülen penjireleriň deregine, goşmaça maliýe serişdesi sarp edilip näme sebäpden täzeleriniň goýulýandygy barada, türkmen häkimiýetleri tarapyndan halk köpçüligine anyk maglumat berilmeýär.

Emma ýerli ýaşaýjylaryň penjireleri oturtmaga gelen häkimligiň işgärlerine salgylanyp aýtmagyna görä, penjireleriň gaýtadan oturdylmagy şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlary bilen baglanyşykly.

“Hiç kim balkonyna çykmaly däl”

“Bize işçiler ‘Siziň jaýlaryňyz olimpiýa şäherçesine seredýär. Aziada döwründe hiç kim balkonyna çykmaly däl. Şonuň üçin eýwanlaryňyza açylmaýan penjireler goýulýar’ diýip jogap berdiler” diýip, bu sebitde ýaşaýan paýtagtly ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistan Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, Aşgabat şäherini “abadanlaşdyrmak işlerini” dowamly amala aşyrýar. Onuň çäginde jaýlaryň ençemesiniň penjireleri çalşyrylyp, goşmaça otaglar , ýagny “pristroýkalar”, sowadyjylar sökülip aýrylýar. Jaýlaryň daşy mermere meňzeş alfagon plitalar bilen örtülýär.

Türkmen häkimiýetleri bu işlere sarp edilýän maliýe serişdeleri barada ilat köpçüligine maglumat bermeýärler. Emma Aşgabatda geçiriljek iň uly halkara sport çäresine gabatlap gurlan desgalara häzire çenli azyndan 7 milliard amerikan dollary harçlandy.

XS
SM
MD
LG