Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze turbalary geçirmek üçin, gazuw işleri geçirildi


Parahat-7 etrapçasynyň 15, 19 we 20-nji jaýlaryna gelýän täze suw turbalary çekýän Aşgabatagyzsuw edarasynyň işgärlerinden düzülen topar 4-nji aprelde uzakly güni dynuwsyz işlediler.

“Ozal asfaltlanan meýdançanyň asfaltyny döwmek, çukurlary gazmak, turbalary çekip, soňra gazylan çukurlary tekizlemek işleri bilen bagly goh-galmagal ýaşaýjylaryň beýnisine agram baryny saldy. Asfalty döwýän tehnikalaryň sesinden, öýüň içinde ýatyp dynç almag-a däl, oturar ýaly hem bolmady, hatda sallançakdaky çagalaram uzakly güni ýatyp ukusyny alyp bilmediler” diýip, etrapçanyň ýaşaýjysy Atamyrat aga zeýrenýär.

Onuň aýtmagyna görä, göçülip gelnenine bary-ýogy 4 ýyl gowurak wagt bolan bu ýaşaýyş jaýlaryna agyz suwy üçin ozal çekilen turbalar owalynda çüýrük turbalar bolup, häli-şindi ýarylyp, ýaşaýjylar üçin uly kynçylyklary döredip gelýär.

“Elbetde, ozal çekilen çüýrük demir turbalaryň täze plastik turbalara çalşyrylmagy gowy zat, ýöne ýaňy gurlan jaýlaryň daş-töweregini gazyp, ýaşaýjylar üçin birgiden hapaçylyklary, goh-galmagaly döredip durmaklary juda ýokuş degýär” diýip, Atamyrat aga aýdýar.

“Jaýlar gurlanda gurluşyga hiç bir gözegçilik bolmanlygy sebäpli, jaýlara çekilen suw hem lagym turbalary ozal bir ýerlerden goparylyp hasapdan çykan köne-çüýrük bolmaly. Jaýlara çekilmeli turbalar gurluşykçylar tarapyndan satylyp, ýok edilen bolmaly. Ynha, indem ogurlanan zatlar üçin ýaşaýjylar birgiden kynçylyklara sezewar edilýärler” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Uzakly güni tehnikalaryň sesinden ýadadyk diýsek, çagalar aýaklaryny guma bulaşdyryp, girelgeleri, hatda içerini hem gumdan doldurdylar. Şu edilýän işler döwlet gaznasyna-da agram salýandyr welin, ýaşaýjylaram gazylyp-gömlüp duran çukurlardan, häli-şindi ýarylyp duran turbalardan bizar boldular. Şeýdip turbalary täzelänlerinden soň, ilaty kösençden dyndyrsalar-a bolar welin, haýsy işiň başyna barsalaram, soňundan ýene bir ýerden bir hokga çykýar-da, ýaşaýjylara rahatlyk berenoklar” diýip, bu ýerli ýaşaýjysy Selbi hem janygýar.

Degişli ýolbaşçylaryň bar aladasy elita atlandyrylýan jaýlar we ol jaýlaryň ýaşaýjylary baradaky alada bolup, soňky gurulýan kiçi etrapçalar asyl ýatlaryna hem düşýäne meňzemeýär.

Bu etrapçalaryň ýaşaýjylary ikinji sortly adamlaryň hataryna girýär. Ilatyň nebir gözel tipli jaýlaryny ýumrup, indem diňe sökülip-düzülip duran hyzmatlaryň hasabyna kösençlik baryny çekýändiklerini, bu işleri geçirmegiň çäginde, çukurlaryň tehnika bilen gazylandygy sebäpli jaýlaryň daş-töweregini yşyklandyrýan elektrik simleriniň hem hatardan çykarylandygyny , uzakly gije jaýlaryň daş-töwereginiň garaňky bolýandygyny hem ýaşaýjylar aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG