Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde garyplykda ýaşaýan adamlaryň sany 19.8 milliona ýetdi


Orsýetde garyplykda ýaşaýan adamlaryň sany 2016-njy ýylda 19.8 milliona ýetdi
Orsýetde garyplykda ýaşaýan adamlaryň sany 2016-njy ýylda 19.8 milliona ýetdi

Orsýetde garyplykda ýaşaýan adamlaryň sany geçen ýylda 19.8 milliona ýetdi. Bu görkezijiniň soňky onýyllykda iň ýokary bolup, nebitiň bahasynyň pese gaçmagynyň we Moskwanyň Ukrainadaky hereketlerine jogap edip, Günbataryň girizen sanksiýalarynyň netijesinde Orsýetiň başdan geçirýän ykdysady kynçylyklary bilen baglydygy aýdylýar.

Orsýetiň döwlet statistika komiteti Rosstatyň 5-nji aprelde çap eden sanlaryna görä, garyplaşan orsýetlileriň sany 2016-njy ýylda ýene 300 müň adam artypdyr.

Geçen ýylda ilatyň 13%-niň girdejisi minimal ýaşaýyş derejesinden pes bolupdyr. Geçen ýylyň dördünji çärýeginde Orsýetde minimal ýaşaýyş derejesi adam başyna aýda 9.691 rubl, ýagny 171 amerikan dollaryna barabar bolupdyr.

Soňky sanlar Orsýetde 2006-njy ýyldan bäri iň pes görkeziji boldy, şonda ýurtda 21.6 million adamyň minimal ýaşaýyş derejesinden pes şertlerde ýaşaýandygy mälim edilipdi.

2014-nji ýylda Günbataryň Orsýetiň Krym ýarymadasyny öz düzümine goşmagy we Ukrainaky separatistleri goldamagy sebäpli sanksiýalary girizen döwründe, Orsýetiň hem muňa jogap hökmünde günbatarly harytlaryň importyna gadagançylygyny girizen wagtynda ýurtda garyplyk derejesinde 16.1 million adamyň ýaşaýandygy habar berilipdi.

Ykdysady çökgünlilik bahalaryň ýokarlanmagyna getirip, raýatlaryň alyjyk mümkinçiligini gowşadypdy.

XS
SM
MD
LG