Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Siriýada adam pidaly hüjümde himiki ýaragyň ulanylandygy tassyklandy diýýär


Türkiýäniň Adalat ministri Bekir Bozdag
Türkiýäniň Adalat ministri Bekir Bozdag

Türkiýe şu hepdede Siriýada onlarça adamyň ölümine sebäp bolan hüjümde himiki ýaragyň ulanylandygynyň barlaglaryň netijesinde mälim bolandygyny aýtdy.

Döwlet tarapyndan dolandyrylýan Anadoly täzelikler agentligi 6-njy aprelde Adalat ministri Bekir Bozdaga salgylanyp, hüjümiň pidasy bolan alty adamyň jesetleriniň barlanmagynyň netijesinde “Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň himiki ýaraglary ulanandygynyň tassyklanandygyny” habar berdi.

Bozdag Bütindünýä saglyk guramasynyň resmileriniň Türkiýede geçirilen barlaglara gatnaşandygyny belledi.

Bütindünýä saglyk guramasy bu meseläni dessine kommentirlemedi.

Siriýanyň aktiwistleri 4-nji aprelde Idlib regionynyň Han Şeihoun şäherinde bolan hüjümde 86 adamyň wepat bolandygyny aýdýarlar. Ýaralanan 32 adam medisina kömegi üçin Türkiýe iberilipdi, olardan üç adamyň ýogalandygy aýdylýar.

ABŞ we beýleki ýurtlar himiki hüjümi amala aşyrmakda Assadyň hökümetini aýypladylar. Damaskyň we onuň ýarany Orsýetiň söweş uçarlary himiki ýaraglaryň saklanan ýerine howadan hüjüm etdiler. ABŞ muny ret edýär.

XS
SM
MD
LG