Sepleriň elýeterliligi

Sankt Peterburg: Derňewçiler Merkezi Aziýa ýurlaryň raýatlarynyň jaýlarynda barlag geçirdiler


Sankt Peterburgyň metrosynda 3-nji aprelde bolan partlamanyň pidalarynyň hatyrasyna matam çäresi, 5-nji aprel, 2017.

Orsýetiň derňewçileri Sankt Peterburgda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlarynyň ençemesiniň, ýagny metro stansiýalarynda bomba partlatmakda güman edilýän Akbarjon Jalilow bilen gatnaşykda bolan adamlaryň ýaşaýan jaýlarynda barlag geçirilendigini we “derňew üçin ähmiýetli zatlaryň” tapylandygyny aýtdylar.

Şol bir wagtda-da “Interfax” we “Fontanka” täzelikler agentlikleri ady agzalmadyk çeşmelere salgylanyp, häkimiýetleriň 3-nji aprelde hüjüme bile gatnaşan bolmakda güman edilýän ençeme adamy tussag edendigini habar berdiler, emma bu maglumat resmiler tarapyndan tassyklanmady.

6-njy aprelde irden Sankt Peterburgda ýaşaýyş jaýda partlaýjy serişdäniň tapylandygy we onuň ýaşaýjylaryň ewakuasiýa edilmeginden soň ýok edilendigi habar berildi.

Partlaýjy serişdäniň tapylmagy bilen bagly ýagdaýyň we Sankt Peterbugyň metrosynda bolan partlamanyň arasynda arabaglanyşygyň bolup-bolmazlygy dessine anyk edilmedi.

Derňewçiler Gyrgyzystanda doglan 22 ýaşly orsýet raýaty Jalilowyň Sankt Peterburgyň merkezinde metro otlusynda partladygy serişdäni goýup, 14 adamyň ölümine we 50 çemesi adamyň ýaralanmagyna sebäpkär bolandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG