Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Asly gazagystanly Yahoo 'hakeri' girew astynda boşadylmagyny sorady


Yahoo portalyna hüjüm eden orsýetli hakerler bolmakda güman edilýän şahslaryň gözlenýändigi hakynda bildiriş, Waşington, 15-nji mart, 2017
Yahoo portalyna hüjüm eden orsýetli hakerler bolmakda güman edilýän şahslaryň gözlenýändigi hakynda bildiriş, Waşington, 15-nji mart, 2017

Yahoo portalynyň ýarym million çemesi elektron bukjalaryny döwmekde Orsýetiň gizlin gulluklary bilen işleşmekde günälenýän Gazagystanda doglan adam 5-nji aprelde Kanadanyň sudundan özüni girew astynda boşatmagy sorady.

Emma prokurorlar Karim Baratowyň Orsýetiň agentleri bilen güman edilýän aragatnaşygy sebäpli “örän uly töwekgelçilik” döredýändigini belläp, onuň tussag astyndan goýberilmegine garşy çykdylar.

Baratowyň aklawçylary boşadylan ýagdaýynda onuň ene-atasynyň kepil bolup biljekdigini aýtdylar. Baratowyň kakasy Ahmet Tokbergenow oglunyň tussag astyndan goýberilen ýagdaýynda oňa internetiň elýeterli bolmajagyny suda aýtdy.

22 ýaşly Baratow 2014-nji ýylda internet biznesini hasaba aldyrdy we websaýtlary hasaba aldyrmak, haker hüjümleriniň öňüni almak ýaly hyzmatlary amala aşyryp, bir ýylyň dowamynda 81 müň dollar gazandy.

Emma ABŞ-nyň prokurorlary Baratowyň Orsýetiň Federal howpsuzlygy gullugynyň agentleri Igor Suşçin we Dmitriý Dokuçaýew tarapyndan “hakyna tutulýan hakerdigini” aýdýarlar.

Asly gazagystanly Baratow 2007-nji ýylda Kanada bardy we 2011-nji ýylda bu ýurduň raýatlygyny aldy. Ol geçen aýda tussag edilip, ABŞ ekstradisiýa edilmegine garaşýar.

XS
SM
MD
LG